WATAN

Ganatlarym asmanyňdan giň meniň,
Sergin sähralaryň — elmiň aýasy.
Gündizleriň ýüregimiň agy seň,
Aý ýaňak gijeleň — gözmüň garasy.

Gözýetimden çala syzylyp duran
Durnagöz ýelleriň — tükenmez goşgy...
Bu baglaryň, derýalaryň, daglaryň,
Obalara, şäherlere, günlere
Hem güllere siňip barýan ýollaryň —
Seniň güler ýüzüň!..

Ýylgyryş pürkülen üsti-başyna,
Lälik ýagyşlaryň, näzik garlaryň
Her ýyl gapymyza dökülip biziň,
Ömrümi ulaldýan garlawaçlaryň —
Ýognas bilegiň deý dana atalar,
Ýuka ýüregiň deý ak saç eneler —
Meniň üçin ýaşaýyşyň eşreti.
Bagtyň hemem söýgiň manysy olar.

Bir ýassykda bile daňlarmyz atan,
Seň Jeýhun ýürekli ogluň men, Watan!



Enwer NYZAMOW
2 лайков 134 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.