"Meniň bir uýam bar..."
Meniň bir uýam bar — bir doganym bar,
Gözleri natuwan, ýüregi joşly.
Günbatarym — ýagty. Gündogarym bar,
Meniň bir dünýäm bar — nowjuwan ýaşly.
Her gün ýollaryma çykyp perişan,
Belki, meni gözleýändir şol naçar?!
Doga kylyp, haýyr diläp her işe,
Ol mydama ýagşy umytda ýaşar.
Meniň bir uýam bar — ýekeje uýam,
Ah, ýöne oňa-da howandar gerek.
Şol gyz meň namysym, messebim, haýam,
Azaşan ýellere galandar gerek.
Haçan kimi gözläp ýola çykýan men,
Gör, kimden delalat gözleýän neçün?Kimlere baş egip, dyza çökýän men,
Torç edip aýlanýan dünýäniň için.
* * *
Meniň bir uýam bar alysda galan,
Birçak gözlerimden keşbi öçüpdir.
Salgymdan görünýär mähriban agam,
Belki, maňa dünýäň yşky öçüpdir?!
Aýlanyp ýörün men mähirden doýman,
Köplük içre gezip, göýä, ykmanda.
Bir ýalňyz guş otyr öňünde aýnaň,
Oňa gol bulara möhüm ýok mende.
* * *
Meniň bir uýam bar — tukat, serim-sal,
Onuň hossary ýok gussadan başga.
Bir sudur bar Günüň ýaşýan ýerinde,
Ak yhram egninde, ak tahýa başda.
Meniň bir uýam bar öýmesi galgan,
Ony gözläp, gör, kimlere el serdim?!
Nirde mesgen tutup, gör, haçan aglan,
Egninde göterip naçarlyk derdin?!
Ençe menzil geçip, ýollar söküp men,
Başlarym sypara bir bag tapmadym.
Bu ýollarda öz göwnümi ýykyp men,
Arkamy diräre bir dag tapmadym.
Meniň bir uýam bar, bilemok, nirde,
Hiç ýerde ýok hem bar ýerde kamaty.
Käte bagra basýar, kä goýýar derde,
Zeminiň agysy, Arşyň halaty.
Meniň bir uýam bar — egbar, naýynjar,
Kä kalbymda, kä serimde ýaşap ýör.
Oň göwni ýykylsa, gökde Aý ynjar,
Belki, dünýäň yk ýerinde ýaşap ýör?!
Kä aýaga galyp, münüp gazaba,
Bir bereýin diýsem pelegiň merkin,
Yzda giden boşluk, öňde araba,
Ýene aşak çökýän, gujaklap derdim.
* * *
Meniň bir uýam bar — gökdemi-ýerde,
Ol juda binowa hem juda tanyş.
Kä aç-açan, käte ýüzünde perde,
Gör, kaýda aglaýar bir zaryn gamyş?!
Belki, oňa sataşmaryn hiç haçan,
Bir ömür ýol geçdim didaryn küýsäp.
Ismimi agladyp dyzdan güýç gaçar,
Kalbymda ýer galmaz kinedir öýkä.
Gör, kimleriň didesinden sil gider,
Kimsäň gözi aglamaga taýyn däl.
Jismiň aglar, täleýiňden il gider,
Bir gün ýeke galsaň hümmet jaýynda.
* * *
Akarda sillerim her ýana gitdi,
Öserde ýel bolup öwsüp barýaryn.
Takdyrym ylahy permana gitdi,
Gör, nirde ýitirdim ahy-perýadym?!
Käte göze görnüp ýerde-asmanda,
Kim ol: gidip barýan elleri daşly?!
Kalbym içre ak eşikde, ykramda,
Meniň bir uýam bar gözleri ýaşly.
* * *
Meniň bir uýam bar juda naýynjar,
Oňa derdim aýtsam, gökde Aý ynjar...
Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Gözleri natuwan, ýüregi joşly.
Günbatarym — ýagty. Gündogarym bar,
Meniň bir dünýäm bar — nowjuwan ýaşly.
Her gün ýollaryma çykyp perişan,
Belki, meni gözleýändir şol naçar?!
Doga kylyp, haýyr diläp her işe,
Ol mydama ýagşy umytda ýaşar.
Meniň bir uýam bar — ýekeje uýam,
Ah, ýöne oňa-da howandar gerek.
Şol gyz meň namysym, messebim, haýam,
Azaşan ýellere galandar gerek.
Haçan kimi gözläp ýola çykýan men,
Gör, kimden delalat gözleýän neçün?Kimlere baş egip, dyza çökýän men,
Torç edip aýlanýan dünýäniň için.
* * *
Meniň bir uýam bar alysda galan,
Birçak gözlerimden keşbi öçüpdir.
Salgymdan görünýär mähriban agam,
Belki, maňa dünýäň yşky öçüpdir?!
Aýlanyp ýörün men mähirden doýman,
Köplük içre gezip, göýä, ykmanda.
Bir ýalňyz guş otyr öňünde aýnaň,
Oňa gol bulara möhüm ýok mende.
* * *
Meniň bir uýam bar — tukat, serim-sal,
Onuň hossary ýok gussadan başga.
Bir sudur bar Günüň ýaşýan ýerinde,
Ak yhram egninde, ak tahýa başda.
Meniň bir uýam bar öýmesi galgan,
Ony gözläp, gör, kimlere el serdim?!
Nirde mesgen tutup, gör, haçan aglan,
Egninde göterip naçarlyk derdin?!
Ençe menzil geçip, ýollar söküp men,
Başlarym sypara bir bag tapmadym.
Bu ýollarda öz göwnümi ýykyp men,
Arkamy diräre bir dag tapmadym.
Meniň bir uýam bar, bilemok, nirde,
Hiç ýerde ýok hem bar ýerde kamaty.
Käte bagra basýar, kä goýýar derde,
Zeminiň agysy, Arşyň halaty.
Meniň bir uýam bar — egbar, naýynjar,
Kä kalbymda, kä serimde ýaşap ýör.
Oň göwni ýykylsa, gökde Aý ynjar,
Belki, dünýäň yk ýerinde ýaşap ýör?!
Kä aýaga galyp, münüp gazaba,
Bir bereýin diýsem pelegiň merkin,
Yzda giden boşluk, öňde araba,
Ýene aşak çökýän, gujaklap derdim.
* * *
Meniň bir uýam bar — gökdemi-ýerde,
Ol juda binowa hem juda tanyş.
Kä aç-açan, käte ýüzünde perde,
Gör, kaýda aglaýar bir zaryn gamyş?!
Belki, oňa sataşmaryn hiç haçan,
Bir ömür ýol geçdim didaryn küýsäp.
Ismimi agladyp dyzdan güýç gaçar,
Kalbymda ýer galmaz kinedir öýkä.
Gör, kimleriň didesinden sil gider,
Kimsäň gözi aglamaga taýyn däl.
Jismiň aglar, täleýiňden il gider,
Bir gün ýeke galsaň hümmet jaýynda.
* * *
Akarda sillerim her ýana gitdi,
Öserde ýel bolup öwsüp barýaryn.
Takdyrym ylahy permana gitdi,
Gör, nirde ýitirdim ahy-perýadym?!
Käte göze görnüp ýerde-asmanda,
Kim ol: gidip barýan elleri daşly?!
Kalbym içre ak eşikde, ykramda,
Meniň bir uýam bar gözleri ýaşly.
* * *
Meniň bir uýam bar juda naýynjar,
Oňa derdim aýtsam, gökde Aý ynjar...
Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.