GÜNDOGAR BULWAR
Ýene nurun seçdi synsyz yşyklar,
Ýene öwşün atdy Gündogar bulwar.
Gysmyljyrap otyr juwan aşyklar,
Hersiniň elinde bir desse gül bar.
Menem peýwagtyma aýlanyp ýörün,
Tutup oguljygmyň akja elinden.
Ýöne gözlerimi aýryp bilemok
Gyzlaň elindäki bahar gülünden.
Şeýle ter gülleri, elwan gülleri
Bir mahal maňa-da beripdi bir gyz.
Eý, ilkinji söýgiň ajap ýyllary,
Unudup bilmeýän men seni hergiz?! ...
Student ýigitdim. Gymmat bahaly
Sowgatlar äbermek meň üçin ýatdy.
Gijeler döredýän goşgularymdan
Başga bir ullakan baýlygym ýokdy.
Men goşgy ýazýardym, sen bolsaň her gün
Bahar güllerinden baglardyň çemen.
Gör, neneňsi gözel, Gör neneň ter gül!
Synlap, sil suwy dek joşardym menem...
Ýürek bardy bu gülleriň içinde,
Posa bardy bu gülleriň içinde, ...
Şeýdip ilki söýgiň gudratyna men
Göz ýetirdim bu günleriň içinde.
Indi näme?.. Geçip giden ýanwarlar
Doňdurypmy ýürekleriň gabygyn?
Posa bilen ýaňlandyrlan bulwarlar,
Sizden maňa orun ýokmy ýa bu gün?
Zyýany ýok. Goý bolmasa bolmasyn,
Aşyklara orun berseň, bes maňa.
Ynha meniň eziz oglum jonkuldap,
Ýetip barýar ýigitligiň paslyna.
Baýyrlardan ýygyp bahar güllerin,
Ynha ol-da gurup berer toý bize.
Ilkinji söýginiň ajap ýyllary
Ýene gaýdyp geler biziň öýmüze.
Ýene nurun seçer sansyz yşyklar,
Ýene öwşün atar Gündogar bulwar.
Ynsan garrasa-da, garramaz göwün,
Baglar garrasa-da, bahar bar, gül bar...
Halyl Kulyýew
Ýene öwşün atdy Gündogar bulwar.
Gysmyljyrap otyr juwan aşyklar,
Hersiniň elinde bir desse gül bar.
Menem peýwagtyma aýlanyp ýörün,
Tutup oguljygmyň akja elinden.
Ýöne gözlerimi aýryp bilemok
Gyzlaň elindäki bahar gülünden.
Şeýle ter gülleri, elwan gülleri
Bir mahal maňa-da beripdi bir gyz.
Eý, ilkinji söýgiň ajap ýyllary,
Unudup bilmeýän men seni hergiz?! ...
Student ýigitdim. Gymmat bahaly
Sowgatlar äbermek meň üçin ýatdy.
Gijeler döredýän goşgularymdan
Başga bir ullakan baýlygym ýokdy.
Men goşgy ýazýardym, sen bolsaň her gün
Bahar güllerinden baglardyň çemen.
Gör, neneňsi gözel, Gör neneň ter gül!
Synlap, sil suwy dek joşardym menem...
Ýürek bardy bu gülleriň içinde,
Posa bardy bu gülleriň içinde, ...
Şeýdip ilki söýgiň gudratyna men
Göz ýetirdim bu günleriň içinde.
Indi näme?.. Geçip giden ýanwarlar
Doňdurypmy ýürekleriň gabygyn?
Posa bilen ýaňlandyrlan bulwarlar,
Sizden maňa orun ýokmy ýa bu gün?
Zyýany ýok. Goý bolmasa bolmasyn,
Aşyklara orun berseň, bes maňa.
Ynha meniň eziz oglum jonkuldap,
Ýetip barýar ýigitligiň paslyna.
Baýyrlardan ýygyp bahar güllerin,
Ynha ol-da gurup berer toý bize.
Ilkinji söýginiň ajap ýyllary
Ýene gaýdyp geler biziň öýmüze.
Ýene nurun seçer sansyz yşyklar,
Ýene öwşün atar Gündogar bulwar.
Ynsan garrasa-da, garramaz göwün,
Baglar garrasa-da, bahar bar, gül bar...
Halyl Kulyýew
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.