Ýoklugyňda...

Öwrenişdim...
Özge çäre ýok ahyr...!
Gutarmajak sensiz günleň geňligne
Gitmäkäňem,
gideňsoňam bildim men,
Senden özgäň duýgularnyň delligne

Günlerimiň tagamyny ýitirdim
Günlerimiň bardygy-da gyzyksyz
Ýüregimiň derwezesi zynjyrly,
Duýgularym butnaman dur gazyksyz

Barlygyňda gözellikdi - bu barlyk,
Barlygyňda bilbil boldy serçeler
Menden güýçli söýjek bolar - ençe ýar,
Emma meni söýjek bolmaz sençeler

Günler geçer gamyşgulak bedew deý,
Ýyllar geçer öz hökmüni sürüpler...
Ykbalymdan ömürbaky razy men,
Ýaryň tapsaň, bagtly etse söýüpler...


Ylham GURBANALYÝEW
9 лайков 186 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
06 окт 2022, 16:15
Gowy goşgy, zehinli ýigit. Ylaýta-da Barlygyňda bilbil boldy serçeler diýen setirini haladym. Bilbil köplenç garga ýa-da totyguş bilen deňeşdirilýärdi. Umuman täzeçillik agtarýan şahyr. Ýöne jemleme başdaky 3 bendiň ýanynda biraz agsaýan ýaly. Üstünlik döredijiligiňize!
Venus
Автор 06 окт 2022, 16:32
Massimus,
Hawa, şuwagt okap özümem şeýle gördüm. Minnetdar. Size-de üstünlik!
Cloud
06 окт 2022, 20:58
Galamyň ujy ýiti bolsun!
Oksimiron
06 окт 2022, 22:12
Gowy barýana meňzeýäň. Seýitmyrat Geldiýewi, Mätgurban Mätgurbanowy, Seýran Seýitmämmedowy, Tagangül Seýitmämmedowany, Mukam Muhamowy köpräk oka.
My life
06 окт 2022, 22:48
Ilkinji bendini haladym.
Venus
Автор 07 окт 2022, 01:55
Oksimiron,
Minnetdar. Sagboluň! Nesip bolsa.