Üýtgeşik kesel

Reňgi-roýum ýitip barýar ýüzümden,
Sensiz - bu keseli ýeňmeli boldum.
Allergiýadyr diýp, dünýäm düzünden
Senden başga, ähli gülleri ýoldum.

Elim gymyldanok, aýak ýöränok
O nädip?!
(Döweniň ýürekdi ahyr!)
Şol kesel-ä barlygyňda döränok,
Emma ýoklugyňda edäýdi - şahyr.

Hassa deý ýatamok, ýöne barybir
Gussalar görmäne her gün gatnaýar.
Bu keselde geçýän günleň bary - bir,
Her gün täze güneş dogup, batmaýar.

Şol kesel müdümi ykbalym çözdi,
Şol keseldi sekuntlary sanadan.
Lukmanlar derman diýp, adyňy ýazdy,
Käşgä tapyp bolsa, dermanhanadan...


Ylham GURBANALYÝEW

28.02
****

*Kemçilik bolsa aýdaweriň adamlar!
3 лайков 102 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
28 фев 2023, 23:39
Hiç adamam kemçiligini aýdyp bilenok . Sebäbi goşgyda kemçilik ýok . Berekella .
Venus
Автор 01 мар 2023, 00:11
Gerceknazar,
Sagboluň, minnetdar!)