Jorj Örruel - 1984 (romandan bölek)
...- Ýöne ýerasty ýitip giden haýwanlaryň süňklerinden doly - mamontlar we ş.m ýer ýüzünde adamzat döremänkä has öň ýaşan ullakan süýrenijiler, ýagny dinozawrlar."
- Winston, şol süňkleri gözüň bilen gördüňmi? Elbetde ýok. Olary XIX asyr biologlary oýlap tapdylar. Adamdan öň hiç zat ýokdy. Adamdan soň hem hiç zat bolmaz. Adamyň daşynda hiç zat ýok.
-Ýöne tutuş älem daşarda. Ýyldyzlara seret! Olaryň käbiri million ýagtylyk ýyly uzaklykda. Olary ele salyp bilmersiňiz.
- Ýyldyzlar näme? - diýip, O'Braýan biperwaý aýtdy. "Olar bary ýogy birnäçe kilometr uzaklykda ýalpyldap durlar. Islesek, olara ýetip bileris ýa-da olary ýok hem edip bilerdik. Ýer älemiň merkezidir. Gün we ýyldyzlar ýeriň daşyndan aýlanýar."
Winston ýene oturmaga hereket etdi. Bu gezek hiç zat diýmedi. O'Braýan sözüni dowam etdi:
- Elbetde, käbir maksatlar üçin bu dogry däl. Okeanda gezelenç edenimizde ýa-da tutulmalary çaklanymyzda, köplenç ýeriň günüň daşyndan aýlanýandygyny we ýyldyzlaryň millionlarça kilometr uzaklykda ýerleşýändigini göz öňüne getirmek amatly bolýar. Üýtgeýän zat barmy? Iki dürli älem modelini hödürlemek bize kyndyr öýdýäňmi? Ýyldyzlar biz islesek ýakyn, islesek uzakda bolup biler. Matematiklerimiz islendik modele dogry gelýän hasaplama düzüp bilýär, sen muny bilenokdy? Goşdüşünmegi unutdyňmy Winston...
Romandan gysgajyk bölegi terjime eden: Baýramgylyç Sapargylyjow 03.01.2022 18:50
Ufa

17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.