Ýokluk

ÝOKLUK / Begençgeldi Orazow

?-nji hat. Sentýabr.

Ýaşamaga güýjüm galmady, dostum. Sen ýaşa… Ýöne hergün ir-säher, otagyň her boşlugyny Gün şöhlesi bilen doldurmagy unutma! Tutularam tans etsin ýeliň sazyna. Ýolugra bir sazyň täsiri bilen hiňlenip ugra sen işiňe bakan. Men saňa üýtgeşik aýdym goýmadym, bilýän. Sen saýla bir serçäni, goşulyber şonuň heňine.
Depderiň bir çetine Gün suratyn çekmegi, ähli saralyp-solan gülleri jaýlamagy we her agşamara, dostum, aglamagy unutma! Men henizem ýaşaýandyr öýtsün otagym.
Ýaşaýarkaň, ýaşamagy unutma! Ýadasaň eger, akymyna goşul mawy asfaltyň, ýöräber ýoluň soňuna deňiç. Ýollar uzak, ädimlerem gysga… Soňuny saýma, ýürek urşuňa deňläber ädimleriňi.
Men gidemsoň asmana gowy seret, dostum. Göwnüňi birinde galdyraýsaňam, hergiz umydyňy ýitirmejek bol. Saňa ykbal gam çekdirse, ony çilim tüssesi deý sowur goýber gursagyňdan. Öz hasratyň özüňe artyk ge:r, dostum.
Aýnada özüňe syn edýäňmi bir?! Agyr dälmi gözleňdäki betonlar? Utanma, agla!
Arasynda ýöriteläp saçyňy dara. Şemalam halaýar bezemenleri. Gözellik diýip aşa kösenme ýöne. Ýylgyryp goýber.
…Ölüler mazarda üşemeýän eken. Şol pikir maňa köp ejir çekdirdi. Ötenlem üçin. Emma itler, pişikler üşeýär, dostum. Olaryň ganaty ýog-a, uçup gidäýer ýaly.
Kebelekleň nesli tükenmez entäk, ony gaýgy etme. Sen tebigaty arz et Ýaradana. Mümkin bolsa, ýene bir-iki aý goşup bersin bahara. Gyşdan kemse bolar, halys bolmasa. Onsuzam dokuzymyz üçe ýetenok. Hemem, güýzi unutma, dostum. Dekabr aslynda güýzüň kapyýasy.
Onsoňam… Sen göwnüňi giň tut. Şol ýerde bir gysylyp galmaýyn, dostum.

Begençgeldi Orazow
3 лайков 206 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
09 янв 2023, 20:02
Başagaýlykda okamagam endik edinipdiris. Kelle başga ýerde. Telefon islenende. Nähili döwür boldaý :((
Ahmet
09 янв 2023, 20:04
Düşünen bolsam hytaý bolaýyn... Me şonda-da laýkjagaz :)
Belki
09 янв 2023, 22:43
Şu Begençgeldi awtoryñ ýazyş stiline tüýs ýüregimden muşdak men. Poeziýa bolsun, proza bolsun. Käbir goşgularyny dagy diýsene. Fewralyñ aýaklaryna ýazan goşgusy dagyn meñ iñ halaýanym. Ýalñyşmasam "Guşlar erkinligi küýsän mahaly..." diýlen setirler bilen başlanýan bolmaly.
Ýöne näme üçin gowy ýazýan adamlar az ýazýar, az, uz.
Galamy ýiti bolsun Begençgeldi awtoryñ.
Onuñ galamyndan çykan beýleki ajaýyplyklaram ýetirip dursañyz begenerdim.
Ýetireniñize minnetdar!
jumjumeguli
10 янв 2023, 10:13
https://edebiyat.clan.su/news/guslar_erkinligi_kuysan_mahaly/2023-01-09-413
Belki
11 янв 2023, 06:53
Kesirkelle agam, siz maña türkçeden türkmençä terjime eder ýaly gysgadan manyly eser tapyp bilmezmikäñiz?
kesirkelle
Автор 11 янв 2023, 16:28
@Belki, geljek hepde işe çykýan, nesip bolsa, şonda wifiden gözleşdirip, tapanlarmy bärde goýubererin. Onsoñ halanjalarñy terjime ediber. Ýone turkden turkmençä edýan kän ä. Men ä gaýtam türkmençeden türkçä synanşyklarñyzy goldaýan.

Begençgeldiñ ýene gowy goşgylaryndan bolmaly öz-ä.linkini goýup paýlaşanýok ekenler yone kopiyalayanlar.