ÝOKLUK.

?-nji hat. Sentýabr

Ýaşamaga güýjüm galmady, dostum. Sen ýaşa… Ýöne hergün ir-säher, otagyň her boşlugyny Gün şöhlesi bilen doldurmagy unutma! Tutularam tans etsin ýeliň sazyna. Ýolugra bir sazyň täsiri bilen hiňlenip ugra sen işiňe bakan. Men saňa üýtgeşik aýdym goýmadym, bilýän. Sen saýla bir serçäni, goşulyber şonuň heňine.
Depderiň bir çetine Gün suratyn çekmegi, ähli saralyp-solan gülleri jaýlamagy we her agşamara, dostum, aglamagy unutma! Men henizem ýaşaýandyr öýtsün otagym.
Ýaşaýarkaň, ýaşamagy unutma! Ýadasaň eger, akymyna goşul mawy asfaltyň, ýöräber ýoluň soňuna deňiç. Ýollar uzak, ädimlerem gysga… Soňuny saýma, ýürek urşuňa deňläber ädimleriňi.
Men gidemsoň asmana gowy seret, dostum. Göwnüňi birinde galdyraýsaňam, hergiz umydyňy ýitirmejek bol. Saňa ykbal gam çekdirse, ony çilim tüssesi deý sowur goýber gursagyňdan. Öz hasratyň özüňe artyk ge:r, dostum.
Aýnada özüňe syn edýäňmi bir?! Agyr dälmi gözleňdäki betonlar? Utanma, agla!
Arasynda ýöriteläp saçyňy dara. Şemalam halaýar bezemenleri. Gözellik diýip aşa kösenme ýöne. Ýylgyryp goýber.
…Ölüler mazarda üşemeýän eken. Şol pikir maňa köp ejir çekdirdi. Ötenlem üçin. Emma itler, pişikler üşeýär, dostum. Olaryň ganaty ýog-a, uçup gidäýer ýaly.
Kebelekleň nesli tükenmez entäk, ony gaýgy etme. Sen tebigaty arz et Ýaradana. Mümkin bolsa, ýene bir-iki aý goşup bersin bahara. Gyşdan kemse bolar, halys bolmasa. Onsuzam dokuzymyz üçe ýetenok. Hemem, güýzi unutma, dostum. Dekabr aslynda güýzüň kapyýasy.
Onsoňam… Sen göwnüňi giň tut. Şol ýerde bir gysylyp galmaýyn, dostum.

Begençgeldi Orazow
3 лайков 207 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:12
Dünýä jebir çekýär. Erbet adamlaryň gazabyndan däl. Gowy adamlaryň
sessizliginden.
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:13
Seniň üçin ölmek bolsa ykbalym
Ykbalymyň ellerinden ogşaryn

Awtoryny bilemok. Bilýäniňiz barmy şu goşgyny
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:14
Söýülmek umydy bilen söýmek ynsanlara mahsusdyr, emma garşylyksyz söýmek diňe enelere hem-de perişdelere mahsusdyr
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:16
Eger birini söýýän bolsaňyz, diýmek siz ony gowy tanaýan dälsiňiz.
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:17
Dünýäniň bar meselesi akylly adamlaryň aladada gezip ýören wagty, akmaklaryň hondanbärsi bolup ýörmeklerindedir.
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:19
Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin!
(Şekspir)
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:20
Teatr. Konsert. Atageldi Garýagdyýew.
Gözlerini berk ýumup, duýgularyna berlip
oturan gyzjagaz.
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:26
Gözümi ýumýan, niredigini özümem bilmeýän ýerime syýahat edýärin.
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:26
Çagalygyma dolanmak isleýärin. Geliň goşulsaňyz!
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:28
GÖWÜNLIK
Howany garaldyp, gamlanmasana...
Seniň kemiň däldir, bahar dälligiň.
Diýselerem «sowuk, gara gyş» saňa,
Men welin, keseden bakan däldirin...

Maňa-ha yssydan sowuk ganymat.
Bu sowuk nepesim durlajak ýaly.
Adamlar has mährem bolsady, senem
beýdip, sowuk bolup durmajak ýaly...

Aýgül Garaýewa
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 01:34
SABRA
Göwni ýykyk kanagatym
Näz eden bolup ýör saňa.
Sabrym, sabrym, garabagtym,
Nämeler bolup ýör saňa?!

Durkuňa, durşuňa dönsem,
Dagymsyň sen, yranmajak!
«Sen barkaň men bagtly» diýsem,
Kimmiş maňa ynanmajak?!

Gel, egnime goý başyňy,
Başym başyňa gurbandyr.
Bu bir saňa duzakdyr, wah,
Rakyplaň biri gurnandyr.

Menden ynjan bolsaň aýdaý,
«Ham-hyýala göwün berip,
Meni unutdy» diýýäňmi?
Kanagaty höwür berip.

Ýok- ýok, gadyrdanym, ýok-ýok!
Sensiz ömri unamaýan.
Dilim-dilim duýgularym,
Sen ýelpeseň guramaýar.

Uzat eliň, görme gaty,
Sabyr gitse, takat barmy?!
Hiýh... Bu nämäň alamaty,
Goşaryňda sagat barmy?!

Aýgül Garaýewa
#B.S
28 сен 2023, 01:48
Ýatsana ziom. Ne öziň ýatýaň ne-de bizi ýatyrýaň
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 02:06
Khanture,
Gatyrak gürläýdimmi ýa )
Garlawaç
Автор 28 сен 2023, 02:08
Khanture,
Maňa şü ýüzüne çykýan reklamalary nädip ýok etmelidigini öwretsene, arada bir ýerde ýazypdyň wln şogün başagaý bolup sorap bilmedim).
#B.S
28 сен 2023, 02:38
Garlawaç,
Play marketdan Vivaldi browser atly programmany alýaňyz we galkan şekilli belgini basýaňyz. Soňra iň aşakdaka ptiçka basmaly.
Ak-sary
28 сен 2023, 15:32
Sag bol
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 12:18
Khanture,
Boldy, başardym, sagbol)
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 12:27
Khanture,
Şahsy çady nädip ulanyp bilýäňiz?
#B.S
29 сен 2023, 14:02
Garlawaç,
Şahsy çata girmeýäňiz. Maňa jogap bermek isleseňiz islendik teswirimdäki nikime [Khanture] basyň şonda meniň anketam açylýa "sahypasy" we "şahsy hat" diýen ýazgy çykýar. Şahsy hata basyp ýazyp bilersiňiz. Bu usul bşga agzalardada bolýar. Ýöne nikinde okalmaýan simwolly agzalaryňkyda bolanok
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 14:54
Khanture,
Yhym, düşündim, okalmaýan simwol şular ýalylarmy ,,#@&$"*_;:!)
#B.S
29 сен 2023, 14:55
Garlawaç,
Hawa ?
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 14:56
Khanture,
Birzat ýazdym bardymy :/?
#B.S
29 сен 2023, 14:59
Garlawaç,
Görhany :)