DOWAN DOGRYÇYLYŇ TOÝ GUTLAÝŞY /satiriki hekaýa

DOWAN DOGRUÇYLYÑ TOÝ GUTLAÝŞY

Gadyrly ýoldaşlar, toýdaşlar! Ýaş çatynjalaryñ şu günki tutýan dabaraly "komsomol" toýuny tüýs ýürekden gutlamak bilen birlikde men "Göz etmän, gaş etmez, deñ etmän, duş etmez" diýenleri ýaly, durmuş gurýan ýigit bilen gelnimiziñ, edil bir almany iki bölen ýaly, bir-birine diýseñ mynasypdygyny belläp geçmekçi. Daşyndan görseñ, "Şu ýigidiñ gazan ýaly kellesi akyl-paýhasyñ öýüdir" diýäýmeli. Örän syratly, nazarkerde oglan. Bu ýigit bir gargyş siñen diýen ýaly, başdan bagty çüwmedik oglan. Bir maşgalanyñ ýeke dikrary bolansoñ, läliksiräp, belli bir işiñ başyny tutubilmän, iti kowup, ýerinde ýatyp ýören bihepbe bolup ýetişdi bi. Özi bir mekansyzrak oglan bolansoñ, asyl bu petigarada aýal togtamady. Ilkisini muñ özi kyhlap kowdy. Ikinjisi bada-bat bu neressäniñ emelsiz, bigaýratlygyna göz ýetirip, turdy-da gidiberdi.
Diýmäýin diýsem, bu garagol kakasynyñ baýlygyna baýrynyp, şäherde birini, obada ikinjisini saklabam gördi. Onda-da başy gowgaly boldy. Obadaky muñ bilen deñ bolman, ýuwaşlyk bilen goşuny paýlaşyp, ýokary okuwa gitdi. Şäherdäkisi welin bu neressäniñ ezeneginden tutup, milisiýasyny, prokuraturasyny goýman, kän süýredi. Neressäm gazamadyñ bäri ýanyndan gaýtdy. Elbetde, giräýen bolsa, bu bolup ýörşünden ibaly bordy. Zähmet-düzediş lagerinde ajyny-süýjini seljerip, düzedip çykardy. "Berim gökden ýol ýasar" diýenleri ýaly, muny kakasynyñ mugt urýan pullary halas etdi.
Ýigidiñ gapdalynda kemim bardyr öýtmän, gaýşarylyşyp oturan, ýüz-gözünden nur däl-de, Mendeleýewiñ tablisasyndaky himiki elementleriñ ençemesi, ýagny her dürli reñk görülýän gelnimiziñem hiç bagty açylmady.
Keýgim, bagyşla welin, dogrudanam, señ görmedigiñ görde galandyr! Asyl saña-da är düýtmedi! Ilki berleniñ ýüzüni ýuwjak däl. Ol özüñdenem beter, alaryny bilse, atasyny sylamaýan, utançdan on gün öñ doglan, bihaýa jüwlükdi. Ýeri ony-ha özüñden ökde görüp, spekulýant ejeñi ýanyña alyp, daşyna geçip, gazamada gabatdyñ. Ikinjiñe näme diýjek? Boýnuboş neressäni äsgermän, içeriniñ bar keşigini üstüne atdyñ. Ol neresse señ geýimleriñe deñiç ýuwup beribem ýaranyp bilmedi. Ondan bolan çagañam öñki äriñden bolanja oglanjygyñ ýanyna goşup, ejeñe tabşyrdyñ-da, täze är gözlegine çykdyñ. Üçünji baranyñam ýaman ýigit däldi. Bilmedik, haýsyñyzdandygyny welin, iki aý geçmänkä goşuñyzy paýlaşdyñyz oturyberdiñiz. Ondan soñkyñam oñuşmazça däldi. Özüñ yrsarap, "Tamym bişen kerpiçden salnan diýip aldapdyr. Tamy çig kerpiçden eken. Çig kerpiçden salnan jaýda ýaşajak däl!" diýip, ol görgülini öñ galyñ salyp, bergä batyranyñ üstesine içerisiniñ barja goşuny-da göterip gaýtdyñ!
Görşümiz ýaly, ýoldaşlar, ýigidimiziñem, gelnimiziñem durmuş guran gezeklerini hasaplasañ, sanma-san gelip dur. Şu jähtden seredeniñde, gudalaryñ utduk diýip öwünmek ýa-da utuldyk diýip, gynanmak aladalary-ha ýok. Ýigit bilen gelnimiziñ bir-birine sataşmagy durmuşyñ täsin bir hadysasy, ýoldaşlar!
Elbetde, şu wagt toý çorbasyny iýip oturan gelnimiziñ bu öýe mugt gelmändigini, galyñ diýlip geçirilen müñläp-müñläp pullaryñ sepini bildirmezlikden ötri "komsomol" toýunyñ tutulandygyny biziñ hemmämiz bilýäris. Nädeli-dä, her bir bilýän zadyñy aýdyp durup bolýarmy näme?!
Garaz, men-ä ýoldaşlar, ýigit bilen gelnimiziñ haýsyny bijebaşy etjegimi bilemok. Ýöne bulara indi bir duralyklyrak bolaweriñ diýip, towakga edesim gelýär.
Siziñ parhsyzlygyñyza, näletkerdeligiñize daşyñyzdan utanyp, ýere girjek bolýarys. "Öwrenilen gylyk örkleseñem durmaz" diýen nakylam-a bardyr welin, keýgim, sen arkalyrak bol-da, gazygyñda garrajak bol! Ýigit, senem öñki masgaraçylygyñy az görmeýän bolsañ, iñ bolmanda, bir howa, il ýüzüne oñşukly ýaşaşjak bol!
Men bir ile meñzeş sypaýyçylykly, medeniýetli geplemäni oñarýan bidöwledem däldirin. Gep owadanlamany başaramok. Adamçylykdyr, gaty-gaýrym söz diýen bolsam, kän bir göwne alman bagyşlaşmaşak!
"Komsomol" toýuñyz gutly bolsun! Döwran sürüñ!

Berdimuhammet GULOW.
1 лайков 109 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
28 сен 2023, 06:02
Super! Ine toý gutlaýançylar! Toýda näme gutlag aýtsamkam diýip agtaryp kösenjek işiñ ýok. Taýyn gutlag.