Rubagylar

Ene üçin gyş hem bolsaň baharsyň,
Bakany ynjytma, senem bakarsyň,
Ýanyp duran ene diýdi ogluna:
"Gelme balam, elleriňi ýakarsyň".

* * *

Bu gözlerim nämeleri görmedi.
Ýüregim tisgindi, beýni derňedi:
Iti öldi, patasyna bardy ol
Özi öldi eger-eger barmady.

* * *

Bilmedik, konkurs niçik gutardy.
Bir bildiriş çykdy: Geçip gutardy.
Başlanmaka bilip ýeňjekligini
Ýeňiji baýragy içip gutardy.

* * *

Adyndan-abraýdan - bar zatdan geçip.
Sen hakda beýle söz diýdikä niçik.
Zelili ýok, gorkusyna üýrendir
Üýrenine gorkup ýören ol güjük.

* * *

Ýaş ýazyjy duşuşykda öwündi:
"Ýene-de çykartjak goşa ýygyndy"
Okyjylar diýdi: "Kakyň suwundan
Balyk tutjak bolmagyňy goý indi!"

* * *

Bu aýdylýan sözler biçem däl, biçem:
Ajynyň ýanynda gerekdir süýjem.
Gerekdir güýjüňi goraýan akyl,
Gerekdir akyly goraýan güýjem.

* * *

Sen näme tarasyz, ne beýle ýürek?!
Çyksam zähmet üçin, ýa seýle ýürek?!
Dogrusy deňizden zeýrenip ýörmän,
Ýüzmäni oňatja öwrenmek gerek.

* * *

Gezdim il-gün üçin ot-elek bolup.
Dünýä pikirine janserek bolup.
Ýazyp ýetişmedik goşgy setirim,
Kepenimden çykar kebelek bolup.

Amandurdy ANNADURDY
3 лайков 171 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ffgggggffddd
12 янв 2023, 10:06
Sary Bilbil
Waleryanka
12 янв 2023, 10:12
Amandurdy Annadurdyyewe " Aman Sary" hem diyilyamika?
Pegas
12 янв 2023, 13:14
Waleryanka
Amandurdy Annadurdyyewe " Aman Sary" hem diyilyamika?

“Sary bilbil” diýilýär.
Waleryanka
12 янв 2023, 14:22
Pegas
Waleryanka
Amandurdy Annadurdyyewe " Aman Sary" hem diyilyamika?

“Sary bilbil” diýilýär.

Pegas
Waleryanka
Amandurdy Annadurdyyewe " Aman Sary" hem diyilyamika?

“Sary bilbil” diýilýär.

Pegas
Waleryanka
Amandurdy Annadurdyyewe " Aman Sary" hem diyilyamika?

“Sary bilbil” diýilýär.

Men bilyanim kimka onda? Bir yazyjynyn kitabyny okapdym.Sary dashly kitap.Shon awtorynyn ady Amandy.Yone kitapda ozune Aman sary diyip tanalyandygyny yazypdyr.Kitapda satiriki goshgular, anektodlar , gulkuli bashdan gecirmeler bar.Yazyjyn ayalynyn ady Oguljan bolsa gerek. " Mana sen semranok diyyaler.Icimde soguljan bar , dashymda Oguljan bar.Onson nadip semrayin" diyen yaly anektodlary kan eken.
Pegas
12 янв 2023, 19:32
Waleryanka, seň diýýäniň satirik şahyr Aman Saryýew.