TULA

Eý, tula!
Edil ýylan ýaly jadyly tula!
Mawy gözleň oýnakladyp geldiň-de,
Ygtyýarym alyp,
öwürdiň gula.
Pagta bilen damagymy çaldyň sen.
Ne jan berdiň,
ne janymy aldyň sen,
Ne gulak salýarsyň meniň arzyma.
Sen ganymy sorup,
öldüm-öldümde
Pagta bilen suw damdyrýaň agzyma.



Nobatguly REJEBOW
8 лайков 248 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Revo
14 янв 2023, 00:34
Rigel,
Bu ýerde-de sögünmek manyda. Ýöne, ýalňyşmaýan bolsam Nobatguly aga eserlerinde hiç haçanam gelin-gyzlara sögünen adam däl bolmaly (ýalňyşan bolsamam sögünen gelin-gyzlary geçsin günämi:)).
Revo
14 янв 2023, 00:40
Mawy göz diýýä. Öwürdiň gula diýýä. Pagta bilen damak çaldyň, ne jan berdiň, ne aldyň, ne-de gullak saldyň, öldüm-öldümde-de agzyma pagta bilen suw damdyrdyň diýýä. Pagta üçin Garagum kanalynyň çekileninä bilýäs weli, bu o dällirlaý. Pagta üçin ölmez-öde ýaşatdyň diýäýýämikä?! Kim ynansyn, şu wagtam o döwrüň waspyny maza kylyp ýörenler känlaý. Garaz çözmesi kyn jogaby aňsat tapmaça bolupdyr. ?
Revo
14 янв 2023, 00:43
Öňem bir gezek Gurt Ýakup "Pagta kyýamatdan zor çykdy" diýenmiş.
Jeksparro
14 янв 2023, 09:44
Revo
Mawy göz diýýä. Öwürdiň gula diýýä. Pagta bilen damak çaldyň, ne jan berdiň, ne aldyň, ne-de gullak saldyň, öldüm-öldümde-de agzyma pagta bilen suw damdyrdyň diýýä. Pagta üçin Garagum kanalynyň çekileninä bilýäs weli, bu o dällirlaý. Pagta üçin ölmez-öde ýaşatdyň diýäýýämikä?! Kim ynansyn, şu wagtam o döwrüň waspyny maza kylyp ýörenler känlaý. Garaz çözmesi kyn jogaby aňsat tapmaça bolupdyr. ?

Revo
Mawy göz diýýä. Öwürdiň gula diýýä. Pagta bilen damak çaldyň, ne jan berdiň, ne aldyň, ne-de gullak saldyň, öldüm-öldümde-de agzyma pagta bilen suw damdyrdyň diýýä. Pagta üçin Garagum kanalynyň çekileninä bilýäs weli, bu o dällirlaý. Pagta üçin ölmez-öde ýaşatdyň diýäýýämikä?! Kim ynansyn, şu wagtam o döwrüň waspyny maza kylyp ýörenler känlaý. Garaz çözmesi kyn jogaby aňsat tapmaça bolupdyr. ?


Rus häkimýetine ýüzlenip ýazylan manyly, syrly setirler...
Jeksparro
14 янв 2023, 09:54
Minusy lukman gyzlaryň biri goyupdyr öýdýän ?. Lukman gyz saňa düzülen däl bu goşgy gynansakda!
Ahmall
14 янв 2023, 18:21
Tula diýlip şagalyñ çagasynada diýilýär eken welin goşguda şagalyñ çagasy göz öñünde tutulmadyga meñzeýär
Atsyz
14 янв 2023, 19:43
Belki tula diýip şo hökümdary göz öňünde tutandyr
#B.S
14 янв 2023, 22:13
Jekwarabey
Minusy lukman gyzlaryň biri goyupdyr öýdýän ?. Lukman gyz saňa düzülen däl bu goşgy gynansakda!

Düşünjek müň gezek okandyryn ahyr düşündimeýt ????