***
***
Hawa, sen ýene-de öýkeläp gitdiň
Soňky sözleň sowuk-sala diýdiň-de.
Diňlenmänsoň aýdylmaly sözlerim
Şu günüme tukat geçdi düýnümden.
Aýralyk hasratyn ýüregme ýükläp,
Ynjyk gözel, çekdirýärsiň näziňi.
Ýogsa bilýän şo hal ünjä gitýäniň,
Kemeldäýsem jaňlarymyň sanyny.
Gyşdan sowuk sözlim, bahar ýüreklim,
Şeýle söz eşitdim bagda guşlardan:
“Zemin üste çogup çykýan baharlar
Dogulýandyr iň bir sowuk gyşlardan”
***
Dünýä menden kän zat hantama ýaly,
Ýogsa şindem gatnap ýörün işime.
Hatda çagalykdan tanyş ýollar-da
Getirmejek bolýar indi işige.
Gursagym demime karar edenok,
Ýarylaýsam diýýär sähel ýüz bersem.
Dilimem bilbiliň dilinden kem däl
Sen hakynda süýji-süýji gürlesem.
Dünýä jübüt bolup görnüp başlady,
Asmanda-da älemgoşar gerik dur.
Özüm deý äwmezek köwşümem indi
Seň ýanyňa ýüwräýesi gelip dur.
Şu hakda seň pikiriň-ä bilemok,
Dogrusy özüm-ä ynandym doly.
Şonda seni meger söýdüm ýürekden,
Ýüregme sen meni söýmedik ýaly.
Wepa Pirnepesow
Hawa, sen ýene-de öýkeläp gitdiň
Soňky sözleň sowuk-sala diýdiň-de.
Diňlenmänsoň aýdylmaly sözlerim
Şu günüme tukat geçdi düýnümden.
Aýralyk hasratyn ýüregme ýükläp,
Ynjyk gözel, çekdirýärsiň näziňi.
Ýogsa bilýän şo hal ünjä gitýäniň,
Kemeldäýsem jaňlarymyň sanyny.
Gyşdan sowuk sözlim, bahar ýüreklim,
Şeýle söz eşitdim bagda guşlardan:
“Zemin üste çogup çykýan baharlar
Dogulýandyr iň bir sowuk gyşlardan”
***
Dünýä menden kän zat hantama ýaly,
Ýogsa şindem gatnap ýörün işime.
Hatda çagalykdan tanyş ýollar-da
Getirmejek bolýar indi işige.
Gursagym demime karar edenok,
Ýarylaýsam diýýär sähel ýüz bersem.
Dilimem bilbiliň dilinden kem däl
Sen hakynda süýji-süýji gürlesem.
Dünýä jübüt bolup görnüp başlady,
Asmanda-da älemgoşar gerik dur.
Özüm deý äwmezek köwşümem indi
Seň ýanyňa ýüwräýesi gelip dur.
Şu hakda seň pikiriň-ä bilemok,
Dogrusy özüm-ä ynandym doly.
Şonda seni meger söýdüm ýürekden,
Ýüregme sen meni söýmedik ýaly.
Wepa Pirnepesow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.