Sonmezek umyt

Degisgendin laliksirap oynaklap
Isgysgync gunlere taysyz tarasdyn
Sonky dususykda aglanda hyklap
Oyun etdim diyerine garasdym

Ak mersedes alkymyna atlanyp
Gidende kejeban bn yoresdim
Hyyalymda gelinalyjyny duruzyp
Oyun etdim diyerine garasdym

Gonsulykda bos goyulmaz cakylyk
Toya bardym satlyk- sowhun gurasdym
Men samsyjak so pursadam cagyryp
Oyun etdim diyerine garasdym

Ogryn bakdym cuyselerin ustunden
Yaryn bilen kursa caksyz yarasdyn
Ah sondada cykman umyt astyndan
Oyun etdim diyerine garasdym.

Soymedigine gitdin kalbym can edip
Bilmedim nenensi kalbyn carasdyn
In bolmanda yekeje gezek jan edip
Oyun etdim diyerine garasdym

Hool arada ayrylsypdyr diydiler
Hyrka dolan damak bn goresdim
Gayta diklap umydyma idilen
Oyun etdik diyerlerine garasdym.

Kerim Hallyyew






3 лайков 121 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
Автор 21 янв 2023, 12:34
Sowaşypdyr gyzgyn mähir ýüzlerden,
Herne çyn ýürekden gülýän azaldy,
Hemaýat agtaryp özge ýerlerden,
Ýagşynyñ gadyryn bilýän azaldy.

Parhy näme algynnymy ýa petir,
Saçagyñda dursa bereket get:ir,
Şahyr-a kän, emma welin dört setir,
Manysyn añşyryp düzýän azaldy.

Käbir ynsanlara agyrýar nebsim,
Ynsan Alladan soñ enä baş egsin,
Herýana çarpynyp atygsan nebsin,
Ynsap eleginde süzýän azaldy.

Dilleri on sere, burny ker sere,
Bilseñ ekin bitmez, ekseñ şor ýere,
Toba etmän, arzyñ ýeter kimlere,
,,Şuña şükür" diýip gezýän azaldy.

Ýaýna şahyr, geçer gider üç mysgal,
Bilýäñ ahyr, ömür gysga, gün gysga,
Şunça ýazanlaryñ bolmady ryswa,
Şükür aýagyñdan ilýän azaldy...

Awtory: Baýram Bejidow
ýüreksözi
Автор 21 янв 2023, 12:35
"Eje" diýip aglardym

Gidenimde senden juda uzaga,
"Kemim ýok" diýip seni biraz aldardym.
Seniñ beren ýyly mähriñi küýsäp,
Ýeke wagtym "Eje" diýip aglardym.

Gujagyñdan melhem geler her demde
Gözüme bakañda duýgum añlardyñ.
Seniñ bilen ruhym göge ýetende,
Ýere düşsem "Eje" diýip aglardym.

Şatlansam begenjim, gaýgymda gussam,
Aýtmak üçin derrew saña ylgardym.
"Oglum" diýen sözleriñi eşdemde,
Begenjimden "Eje" diýip aglardym.

Durmuş kynçylygyn ýüzüme ursa,
Şeýle bir ejizläp dözmän ýadardym.
Emma, Käbäm melek deý gülüp dursa,
"Geç günämi Eje" diýip aglardym.

Uly işiñ bir ujyna geçemde,
Pata berip ogşap meni ýollardyñ.
Şeýle bir duýgy bar bilseñ içimde,
Göz ýaş bilen "Eje" diýip aglardym.

Ýeke galan çagym ýaşarar gözüm,
Ýürekdäki gussam goşga baglardym.
Ýykylsam üstümi kakardym özüm,
Şonda-da men "Eje" diýip aglardym.

Jemşit Hajymämmedow