Kerim Hally-Sönmejek umyt

Degişgendiň,läliksiräp oýnaklap,
Iç gysgynç günlere taýsyz taraşdyň.
Soňky duşuşykda,aglaňda hyklap,
Oýun etdim,diýeriňe garaşdym.

Ak mersedes,alkymyna atlanyp,
Bezeneňde kejebäň bilen ýöreşdim.
Hyýalymda gelinalyjyňy duruzyp,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Goňşulykda boş goýulmaz çakylyk,
Toýa bardym şatlyk-şowhun guraşdym.
Men samsyjak şol pursadam çagyryp,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Ogryn bakdyň çüýşürübiň üstünden,
Ýaryň bilen kürsä çaksyz garaşdyň.
Wah,şondada çykman umyt astyndan,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Söýmedigiňe gitdiň,kalbym çaň edip,
Bilmedim,neneňsi başyň çaraşdyň?
Iň bolmanda ýeke gezek jaň edip,
"Bagtly men"diýeriňe garaşdym.


Ol arada "aýrylşypdyr"diýdiler,
Hyrka dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta diklap umydymy idilen,
Oýun etdim diýenlerine garaşdym.
1 лайков 2 569 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
17 апр 2023, 15:22
Ol arada "aýrylşypdyr"diýdiler,
Hyrka dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta diklap umydymy idilen,
Oýun etdim diýenlerine garaşdym.

Şundan soň-a oýun etdim diýsede boljak eken)
Anna
17 апр 2023, 18:10
Gopdygaymak
Anna
17 апр 2023, 18:11
Degman shu patsanyň oyunjagna
С.А.Б.
17 апр 2023, 18:27
Gaty gowy goşgy eken ?
Гость
18 апр 2023, 00:23
Massimus,
)))