Ýürekdeşleri ýitirmäň(Oýlanma)

Sen meniň çagalyk dostumam däl, klasdaşymam, kursdaşymam däl, obadaşymam. Hatda işdeşimem däl sen. Ýakyn-u-uzak garyndaşlygymyzam ýok. Saý-sebäp bilen birek-biregem ýaňy tanadyk. Ýöne sen şonda-da maňa hemmelerden ýakyn, mähriban. Käbir dini maglumatlarda “Adam bu barlyga azyndan 6-7 gezek gelip, her döwürde her tüýsli ýaşap geçermiş” diýen düşünje bar. Meniň üçin, megerem, bu düşünje dogry ýaly. Sebäbi men seni öňden tanaýana meňzeş. Seniň bilen döwürdeşdigime arassa howadan bile dem alyp, durmuşyň süýjüsini dadyp bilýändigim üçin ykbalymdan örän razy men. Eger-de maňa ýene-de bir ýaşaýyş beriläýse, şol durmuşda-da saňa duşmagy ýürekdeş bolmagy islärdim. Men seni ýitirmekden gorkýan. Sebäbi sen ýitseň meniň saňa bagly bolan arzuwlarymam ýiter. Arzuwsyz adam bolsa jansyz göwre ýalydyr.

Öz bagtymy aýaýyn men janym deý,

Galanyny Allaň özi ýetirer.

Sen bolmasaň güli solan bag kimin,

Meniň ömrüm manysyny ýitirer.



Arzuwlarym laýa gaçan guş ýaly,

Uçup bilmän perwaz urar iki ýan.

Ünjilere gark bolmasyn gözleriň,

Men gözleňden öz bagtymy okaýan.



Sen dünýäde iň köp ýaşly zenan bol,

Menem joşup tarypyňy ýazaýyn.

Ýalňyzlyk derdinden goran penam bol,

Barlygyňy bagtym saýyp gezeýin.



Ýoklugyňda ýakym bolmaz dünýämde

Ýüregimi kesen ýaly bu tenden.

Ebedilik gitme meniň dünýämden

Ýürek dursun ýürekdeşiň ýitenden
8 лайков 155 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
27 янв 2023, 13:02
Tanyş duýgular... Kim ýazanam bolsa, duýgudan püre-pür edip ýazypdyr. Juda haladym.
Perman Izakow
Автор 27 янв 2023, 13:41
Pegas,
Şahyr:Atanyýaz HANGELDIÝEW.
Abdylla33
27 янв 2023, 14:58
Awtor fanatik duygulara berilip beyan edyar. Emma ol tarapyñ awtora garayşy anyk dal. Beyle gözsiz yñdarmalyk adamyñ peydasyna dâl. Halamadym.
Yusupahmet93
27 янв 2023, 15:18
Abdylla, liriki gahryman baar duygysy bilen oña ynanyar. Oz duygusynyñ ymtylyan ,, pretmetine" berilyar. Cunki onda oz ynanjyna tay geljek ynanc barlygyna ynanyar. Shonuñ ucinem awtora ol tarapyñ garaŷşyny beyan etmek hokman dal yaly bolup duyulandyr. Abdylla, oylanmany gaytadanam bir okap gor. Ünsüňden sowa düşen zatlara duşarsyň.
ýüreksözi
27 янв 2023, 17:59
Yurek dursyn yurekdesin yitenden

Gowy setirler okanda icki dunyani elendirip biljek gowy oylanma awtora berekella
#динара.
28 янв 2023, 12:17
Ýürekdeş men ü.n ýazdyñmy?
Perman Izakow
Автор 28 янв 2023, 12:39
Miss_minnosh,
Howwa
#динара.
28 янв 2023, 12:40
Öýkeläpdim senden..:|