Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly


BIRINJI BÖLÜM. YNJALYKSYZLYK BARADA ILKINJI NOBATDA BILMELI ZAT NÄME?

1. «Bir günüň çäginde» ýaşaň

1871-nji ýylyň ýazynda bir ýaş ýigit eline düşen haýsydyr bir kitapdan dogry on alty sözden ybarat bolan abzasy — onuň geljegini düýpgöter üýtgeden on alty sözi okapdyr. Monrealyň şäher hassahanasynda lukmançylyk ugrundan bilim alýan bu talyp ýigitde ynjalyksyzlyk üçin esas köp eken. Gutardyş synaglar we öňdäki durmuş babatdaky nämälimlikler ony howsala salypdyr. Ol özüniň lukmançylyk bilen bagly işini nirede we nähili esaslandyrmalydygynyň üstünde kelle döwüpdir. Ol güzeran aýlar derejede hem gazanç edip bilmerin öýdüp gorkupdyr.

Eline düşen kitapdan okan on alty sözi bu talyp ýigide öz döwrüniň iň tanymal lukmany bolup ýetişmäge kömek edipdir. Ol bütin dünýäde meşhur Jon Hopkins adyndaky lukmançylyk institutyny esaslandyrypdyr. Ol lukmançylyk boýunça Oksford uniwersitetiniň hormatly professory bolupdyr — munuň özi Britan imperiýasynda iş alyp barýan her bir lukman üçin beýik mertebe ahyry. Ol iňlis monarhy tarapyndan rysarlyk derejesine mynasyp görlüpdir. Dünýäden ötenden soň çap edilen terjimehaly 1466 sahypadan ybarat iki tomluk uly göwrümli kitapda jemlenendir.

Oňa ser Uilýam Osler diýýärler. Ynha, onuň 1871-nji ýylyň ýazynda okan on alty sözi — ýaş talyba aladadyr howsalalardan dynmaga kömek eden, Tomas Karleýliň kitabyndan alnan on alty söz: «Alys gözýetimdäki salgymlara seretmäge kän güýç sarp etmäň, öz gözüňiziň alnynda ýatan zat bilen meşgul boluň».

Kyrk iki ýyldan soň, bahar paslynyň maýyl agşamlarynyň birinde, parç bolup açylan çigildemleriň ysy tutuş kampusda burk urýarka ser Uilýam Osler Ýel uniwersitetiniň talyplarynyň öňünde çykyş edipdir. Ol özi babatda, ýagny dört uniwersitetiň professoryna we meşhur kitabyň awtoryna köplenç «aýratyn tapawutly akylyň» eýesi hökmünde baha berýändiklerini aýdypdyr. Ol munuň dogry däldigini nygtapdyr. Ýakyn dost-ýarlary onuň akyl babatdaky ukyp-başarnyklarynyň, gaýtam, «juda ortatap derejededigini» tassyklap bilerler.

Şeýle bolýan bolsa, onuň üstünliginiň syry nämeden ybarat? Ser Uilýamyň özi ähli ýeten derejeleriniň sadaja kada esaslananlygyny aýdypdyr: «Bir günüň çäginde ýaşaň». Ol nämäni göz öňünde tutupdyr? Ýeldäki çykyşyndan birnäçe aý ozal äpet gämide Atlantik ummanyny ýüzüp geçmek oňa miýesser eden eken. Ser Uilýamy şu ýagdaý haýran galdyrypdyr: kapitan paýapyljyga çykyp, ýekeje düwmäni bassa, gäminiň esasy bölekleriniň ählisi göz açyp-ýumasy salymda demir germewler bilen suw geçirmeýän aýratyn çäklere bölünýär eken. «Biziň her birimiz umman gämisine garanyňda, has kämil gurluş ahbetin, siziň syýahatyňyzam has uzagrak dowam eder. Onuň howpsuz bolmagy üçin bolsa, bedeniňiziň «Bir günüň çäginde» gizlenmäge mümkinçilik berýän mehanizmine kämil derejede gözegçilik etmegi öwrenmegiňiz gerek. Paýapyljyga köpräk galyň-da, ätiýaçlyk germewleriniň guratlygyny barlap duruň. Durmuş ýolunyň haýsy basgançagynda bolsaňyz hem, düwmejigi basyň, şonda demir gapylar geçmiş bilen — öli Düýn bilen araňyza germew goýar. Beýleki bir düwmäni basyň, şonda geljek — heniz dogulmadyk Ertir bilen araňyzda demir diwar peýda bolar. Şol minutdan başlap, siz howpsuz ýagdaýda — şu gün bilen ýaşap başlamak üçin howpsuz halda bolarsyňyz. Geçmiş bilen araňyza germew goýuň! Goý, merhumlar öz ölülerini depin etsinler. Düýnki bolan-goýan zatlary unudyň, çünki beýle zady hakydada göterip ýörmek akmaklaryň ajala barýan ýoluna ýagty saçýandyr. Geçmişiň hem geljegiň ýüküni şu gün göterjek bolup çytraşmagyňyz sizi büdreder we azaşdyrar. Edil geçmiş bilen ara germew çekişiňiz ýaly, geljek bilen araňyza hem aýgytly halda haýat galdyryň! Geljek — şu gündür. Hiç hili ertir ýok. Dertdir aladalardan halas bolunýan gün geler diýip garaşmaň. Ol eýýäm geldi. Geljek hakda ynjalyksyzlanýanlara bolsa, halys bolmak, irmek garaşýar, ahyrky netijesi bolsa akylyňdan azaşmak… Şonuň üçinem öňdäki hem yzdaky germewleri yş geçmez ýaly derejede berk petikläp, «bir günüň çäginde» ýaşamagy öwreniň» diýip, doktor Osler özüniň geljekki kärdeşlerine pent beripdir.

Belki, doktor Osler özümizi geljege taýýarlamak bütinleý zerur däl diýmek isländir? Ýok. Elbetde, beýle däl, ýok. Emma ol geljege taýýarlanmagyň iň gowy usulynyň — ähli energiýaňy, akyl-paýhas babatdaky ukyp-başarnyklaryňy tutuşlygyna şu günki işleriňi berjaý etmäge gönükdirmekdigini aýratyn nygtamak isläpdir. Bu diňe bir iň gowy usul bolman, eýsem, ýeke-täk usuldyr hem.

Ser Uilýam talyplara täze güni «Biziň şu günki rysgymyzy bereweri» diýip, Hudaýa mynajat bilen başlamagyň zerurdygyny ündäpdir.

Üns beriň, bu dogada diňe şu günki çöregimiz hakda aýdylýandyr. Onda düýnki günüň gaty çöreginden zeýrenç duýlanok. Onda aşakdaky ýaly howsalalara we gorkulara orun ýok: «Eý Hudaý, bu ýyl şeýle bir jokrama yssy boldy welin, meýdandaky bugdaýymyz tas gurapdy! Birdenkä geljek ýyl ýene-de gurakçylyk bolaýsa näme? Şonda biz näme iýeris? Çöregi nireden taparys? Galyberse-de, eý Hudaý, birden men işsiz galaýsam näme? Iýjek çöregimi nädip taparkam?».

Munuň tersine, Hudaýa mynajat bize diňe şu günki çöregimiz hakda dileg salmagy öwredýär. Sebäbi ertirki ýa düýnki däl-de, diňe şu günki çöregi iýip bolýar.

Gadym zamanda adamlaryň güzeran aýlamak üçin juda agyr zähmet çekmeli bolýan daşlyk we hasyl önmeýän toprakly ýerinde bir kemmagal filosof awara halda gezip ýören eken. Bir gezek bilesigeliji adamlaryň topary onuň daşyny gallap alypdyr. Şonda ol daga çykypdyr-da, olara pent edipdir, onuň bu sözleri häzire çenli ähli halklarda we ähli dillerde san-sajaksyz gezek mysal alnypdyr. Onuň aýdan şol pendinde bary-ýogy on alty sözden ybarat bir abzas bar, emma bu sözler ýigrimi asyr bäri adamzat paýhasynyň dürdänesi hasaplanýar: «Ertirki günüň pikirini etmäň, ertirki gün öz najatyny özi görer: her günüň öz aladasy özüne ýetik».

«Ertirki günüň pikirini etmäň». Köpler Isa pygamberiň bu pendini mistisizme dahylly formal ýagdaý hasaplap, muny inkär etdiler we inkär edýärler. Olar: «Men ertirki günüň gamyny iýmäge borçly. Men özümi we maşgalamy geljekki sarsgynlardan ätiýaçlandyrmaga borçly. Garran çagyma niýetläp pul süýşürmäge borçly. Özümiň indiki ätjek her bir ädimimi üns bilen meýilleşdirmäge borçly» diýip nygtaýarlar.

Dogry. Elbetde, borçly. Bu ýerde gep Isanyň üç ýüz ýyldan gowrak öň terjime edilen bu sözleriniň öz manysyny üýtgedenligindedir. Iakow şanyň döwründe «pikirlenmek» köplenç «aladalanmagy» ýa-da «howsala düşmegi» aňladypdyr. Hut şonuň üçinem Injiliň häzirki redaksiýalarynda bu jümle şeýle terjime edilýär: «Ertirki gün hakda aladalanmaň».

Netijede, ertirki gün hakda pikir etmek hökmandyr. Öz geljegiňi üns bilen meýilleşdirmek we jikme-jik hasap ýöretmek gerek. Ýöne ol barada alada edeniňe degýän däldir.

Nähili ýagdaýdygyna garamazdan, rasional (akylly-başly, oýlanyşykly) we irrasional (garjaşyk) pikirlenmäniň arasyndaky tapawut şundan ybarat: rasional pikirleniş sebäpler we netijeler bilen iş salyşýar hem logiki oňyn meýilleşdirişe getirýär, irrasional pikirlenme aşa dartgynlylyga we nerw bozulmasyna getirýär.

1935-nji ýyldan 1961-nji ýyla çenli dünýäde iň belli gazetleriň biriniň — «Nýu-Ýork Taýmsyň» şärikli eýelerinden biri we redaktory bolan Artur Heýs Zalsbergerden interwýu almak maňa miýesser edipdi. Jenap Zalsberger Ýewropada Ikinji jahan urşy tutaşanda geljek barada howsala galyp, gorkmakdan ýaňa, gijelerine gözüne uky gelmänligini gürrüň berdi. Köplenç ol gijäniň ýarynda turup, surat çekilýän kendir matasydyr reňklerini alyp, aýna bakyp, awtoportretini çekmäge synanyşar eken. Žiwopisden bütinleý başy çykmaýan hem bolsa, surat çekmegini dowam etdiripdir — diňe şeýle usul arkaly aňyny-akylyny gurşap alan ynjalyksyzlykdan saplanmagy başardypdyr. Jenap Zalsberger ybadathana senasynyň bäş sany adaty sözünden janyna ynjalyk tapaýýança, aladalaryň we howsalalaryň özüni sypdyrmandygyny boýun alypdy. Soňra bu sözler onuň durmuş şygaryna öwrülipdir: «Maňa bir ädim hem ýetik».



Äkit meni, eý beýik Nur…

Ýol salgy ber. Belli edip

Bermeseň-de ahyryny!

Maňa bir ädim hem ýetik.



Çen bilen edil şol wagtda, ýöne Nýu-Ýorkdan müňlerçe mil uzakda harby eşikli bir ýaş ýigit ejir çekip, özi üçin edil şunuň ýaly ýagdaýdan çykalga gözleýärdi. Asly Merilend ştatynyň Baltimoryndan bolan Ted Benjermino Ýewropada gulluk edýärdi we urşuň ahyryna çenli gorkudyr howsalalar ony psihologlaryň «uruş döwrüniň newrozy» diýip atlandyrýan halyna salypdy.

«1945-nji ýylyň aprelinde nerwim meni şeýle bir bimaza edýärdi welin, lukmanlar maňa «ýogyn içegäniň ortaky böleginiň keseligine gysylmasy» diýilýän diagnozy goýdular — diýip, Benjermino gürrüň berýär. — Bu uçran zadymyň nämedigini-hä bilemok welin, çekip-çydap bolmajak agyrylar maňa jebir berýärdi. Eger uruş biraz gijigip gutaran bolsa, men bütinleý lagşap, harap halda öýe dolanardym.

Men bütinleý tapdan gaçypdym. Harby ýörişlere gatnaşmaýan serkerde hökmünde, 94-nji pyýada goşun diwiziýasynda gulluk etdim. Söweş pursatlarynda ýaralananlaryň, ölenleriň we dereksiz ýitenleriň ählisiniň hasabat kartoçkalarynyň düzülişiniň we ýöredilişiniň dogrulygyna gözegçilik etmek meniň borjuma girýärdi. Galyberse-de, biz urşuň aldym-berdimli başagaýlygynda heläk bolan esgerleriň şahsy goşlaryny toplap, olaryň bu goşlary mukaddes hasaplaýan ene-atalaryna ýa-da ýakyn garyndaşlaryna ugratmalydym. Elmydama ýazgylarymyzda nämedir bir zady bulaşdyrarys ýa-da, Hudaý saklasyn, ene-atalaryň salgysynda ýalňyşlyk goýbereris öýdüp gorkýardym. Ýeke-täk oglumy — heniz görmedik on alty aýlyk balamy götermek hem miýesser etmäýjek ýaly gorky meni gozgalaňa salýardy. Şu ynjalyksyzlyklaryň ählisi meni şeýle bir egbarlatdy welin, men on bäş kilogram horlandym. Men janyma jaý tapmaýardym. Ellerime seredip, öz elimi tanamokdym — diňe ham bilen süňkdi.



Deýl Kar­ne­gi.

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.
5 лайков 164 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.