İkilemeler.

Göwün berseň zährimara,
Zar bolar sen zülpitara.
***
Taldan taýak bolmaz,gamyşdan agaç
Söýeneňde synan dostsumakdan gaç!
***
Teklip etseler-de dünýä malyny,
Aýtma kişä dostuň oý-hyýalyny.
***
Tanyş bolup,dost bolmankaň oň bilen,
Dostlaşasy gelýärmi,bil,seň bilen.
***
Bir işe başlasaň ýürekden ýapyş,
Ýürek uranokmy,gozganma,gapyş!
***
Gaýgyňy dostdan gizläp,
kime syryň ynanjak,
Dost dälleriňmi,eýsem seniň
derdiňe ýanjak?!
***
Ýaşuly igense ýygrylyp diňle,
Keýwanyň igense ýylgyryp diňle.
***
Gyz ýetişse geler durar kän sawçy,
Tez maral ol, "awlar" diňe çyn "awçy".
***
Alyma-da çözdüräýmez,her mysal,
Bu sözüme söýgiň özem bir tymsal.

Akmyrat ÇARYÝEW.
7 лайков 148 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gurgenchli
05 фев 2023, 22:18
Bu akylly maslahatlara eýeren ynsan ogly boldumyka?
Gurgenchli
05 фев 2023, 22:20
Zährimara göwün berenler gaýtam her gün bir gözel guçup ýör. Bärde diňe gep owadanlamak üçin ýazylaýypdyr öýdýän.
Jumamyrat
06 фев 2023, 15:38
Gaty gowy goşgy sag bol ejegyz
Ejegyz.
Автор 06 фев 2023, 20:04
Juma şahyr,
Ady baş harp bilen ýazyň.?