Nobeliň Himiýa baýragy yglan edildi
Dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň laureatlary mälim edilýär. 2021-nji ýylyň Nobeliň Himiýa baýragyna Benýamin List we Dewid Makmillan (David William Cross MacMillan) mynasyp boldy. Alymlar bu baýragy “molekulýar (kiçi zerrejik) gurluşy döretmek üçin işläp taýýarlan assimetrik organokataliz” serişdesi üçin aldylar.
Benýamin List 1968-nji ýylda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde dünýä inýär. Filosofiýa ylymlarynyň doktory (Ph.D) derejesi bolan List Berliniň Erkin uniwersitetinden, Franfurtyň I.W.Gýote adyndaky Frankfurt uniwersitetinden alymlyk derejelerini alýar. Kýoln uniwersitetiniň professory bolan List Ýaponiýanyň Hokkaýdo ylmy barlag uniwersitetinde himiki reaksiýalar boýunça ylmy işlere gatnaşdy.
1968-nji ýylda Şotlandianyň Belshill şäherinde dünýä inen britan-amerikan himigi Makmillan 1966-njy ýylda Kaliforniýa uniwersitetinden Filosofiýa ylymlarynyň doktory alymlyk derejesini alýar. ABŞ-nyň Prinston uniwersitetiniň professory bolan Makmillan mundan ozal birnäçe baýraga mynasyp bolýar.
Nobeliň 10 million şwed kronyndan ybarat bolan pul baýragy iki alyma deň bölünip berler.
Nobeliň Himiýa ugry boýunça baýragy 1901-nji 2020-nji ýyllar aralygynda 112 gezek, jemi 185 alyma gowşuryldy.
Nobel hepdeligi aýyň 11-ne çenli dowam eder. 4-nji oktýabrda Lukmançylyk, 5-nji oktýabrda Fizika baýragynyň ýeňijileri yglan edilipdi.

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.