........Edebiyat boyunca Nobel bayragy

6-njy dekabrda britan paýtagty Londonda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Abdulrazak Gurna diplom we medal gowşuryldy. Baýragyň resmi “twitter” saýtynda ýerleşdirilen habara görä, bu dabara Şwesiýanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynda geçirildi.

Abdulrazak Gurna Beýik Britaniýanyň Braýton şäherinde ýaşaýan asly arap bolan tanzaniýaly ýazyjy. Ol 1948-nji ýylda Zanzibar soltanlygynda dünýä indi (1964-nji ýylda Tanzaniýanyň bir bölegi boldy). Ol 1968-nji ýylda ýurtda emele gelen dartgynly ýagdaýlar sebäpli Zanzibardan Beýik Britaniýa göçdi. 1985-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň Kent uniwersitetinde edebiýat dersinden sapak berýär.

1994-nji ýylda ýazyjynyň “Jennet” (Paradise) romany Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen iňlis dilindäki iň oňat roman üçin berilýän “Buker” baýragynyň gysga sanawyna girizildi. 2001-nji ýylda ýazyjy “Deňiz kenarynda” (By the Sea) romany üçin “Los Angeles Times” neşiriniň kitap baýragyna dalaşgär görkezildi.

Ozal habar berliş ýaly, 2021-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyna tanzaniýaly ýazyjy Abdulrazak Gurna mynasyp boldy. Gurna bu baýragy medeniýetleriň we yklymlaryň arasyndaky tapawutda bosgunlaryň ykbaly barada barlyşyksyz we rehimli düşünjesi üçin eýe boldy. Nobel komiteti ýazyjynyň romanlarynyň Gündogar Afrikanyň baý medeniýetine içgin düşünmäge mümkinçilik döredýändigini mälim edipdi.
5 лайков 99 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
GulTac Mugallym
06 фев 2022, 17:22
Selam Parsca
GulTac Mugallym
06 фев 2022, 17:23
Men giryan onki Cicek hazirki blesk owusgin diymek
GulTac Mugallym
06 фев 2022, 17:24
Yany turke gar yagypdyr ordekleri suwa kovusturnak icin gary oydular