“AÝDYLMADYK AÝDYM AÝDASYM GELDI...”

Aýdylmadyk aýdym aýdasym geldi,
Tümlügiň bagryndan ok ýaly geçip.
Özümi Görogly öýdesim geldi,
Gussalaň içinden ok-ýaýly geçip.

Durmuş gämisine gaýyksyz halda
atlanyp, ömrümi etdim elem-tas.
Gaý-tupan turanda, tolkun uranda
Meni dag deý ynam eýledi halas.

Göwnümi göterdi ýakyn-ýatlaňam
Büdrän çagym uzatmasy ellerin.
Täzeden ýaşaýşa dolady meni
Yşkdan püre-pür gözleri dilberiň.

Bu gün durkum bilen duýdum barlygy,
Duýýan, ertä sary barýan üýtgeşip.
Şoň üçinem aýdym aýdasym geldi,
Gijäň owazyna sesimi goşup.

25.05.2016ý.



✏Sapa HOMMADOW
9 лайков 132 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Abdylla36
06 фев 2023, 12:26
Shahyr goshgysyny yazan dowrundakiden uytgetman goyupdyr.Gowy edipdir.Cunki, her mucaniñ oz kamillik derejesi bar. Shygryñ ceperciligi barada birki agyz aytmakcy.1 bentdaki ,, gussalañ icinden dal de" -gussalañ çygryndan" bolsa sazlashyk gowy boljak.
3 bentdaki ,, budràn çagym"-buduramde" bolsa,
,, gozler,,- gòzi,, bolsa,

4 bentdaki ,, Duýýan, ertà sary baryan uytgeship,,- setiri. ,, Ertã ynam bilen baryan uýtgeship,, bolsa oñat boljak eken.
Jumamyrat
06 фев 2023, 14:43
Şu şahyryň başgada goşgylaryny goýaýyňda gowy ýazýan eken