Degişme
Meýlis daşda galdy,
Gözünde duman,
Ol ne pýan däldi,
Ne-de bir pýan.
Ol yrga ädimin
Assadan aldy,
Şadyýan aýdymyn
Gaýtalap geldi.
Deňizler dyzymdan,
Egnimden asman.
Keýikleň yzyndan
Ýetmegim ahmal!
Edip elde barym,
Gygyrsam, sesim
Aýlanyp ýer Şaryn
Dolanar basym.
Bu dar dunýämiziň
Dagdyr çöllügi
Maňa mazarlyga
Ýetse boldugy!»
Gijeki dünýäde
Aýdyňdan-aýdyň,
Ýaňlandy howada
Şadyýan aýdym.
Beýle geň aýdymy
Eşden mahaly,
Dünýäň bu adama
Geldi gahary.
Mekir duzak gurdy,
Ahyr soňunda
Bir derýa akdyrdy
Onuň öňünde.
Derýanyň üstunde
Ejizje köpri,
Hany, ol geçsin-dä,
Şu bolsa pikri.
Ýöne bu adamyň
Keýpi hezildi.
...Ahyry aýdymyň
Soňy ezildi.
Köprüden dik aşak
Gaýdan badyna,
Onuň başga aýdym
Düşdi ýadyna.
Gygyrdy, gygyrdy
Çirkin çykdy ses.
Halasgär çagyrdy.
Eştmedi hiç kes.
Gygyryp, gygyryp,
Bu dar dünýäde,
Öl sesi bugaryp
Gitdi howada.
Hiç kim eşitmedi,
Ýetmedi dada,
Ine, şu darajyk,
Kiçi dünýäde.
Gygyrdy neresse
Ýarygijä çen,
Soň turup seretse,
Suw dyzdan eken.
Käte keýpi gelip,
Ýürek heň etse.
Indi başga aýdym
Aýdýar neresse.
1972
Gurbannazar Ezizow
Gözünde duman,
Ol ne pýan däldi,
Ne-de bir pýan.
Ol yrga ädimin
Assadan aldy,
Şadyýan aýdymyn
Gaýtalap geldi.
Deňizler dyzymdan,
Egnimden asman.
Keýikleň yzyndan
Ýetmegim ahmal!
Edip elde barym,
Gygyrsam, sesim
Aýlanyp ýer Şaryn
Dolanar basym.
Bu dar dunýämiziň
Dagdyr çöllügi
Maňa mazarlyga
Ýetse boldugy!»
Gijeki dünýäde
Aýdyňdan-aýdyň,
Ýaňlandy howada
Şadyýan aýdym.
Beýle geň aýdymy
Eşden mahaly,
Dünýäň bu adama
Geldi gahary.
Mekir duzak gurdy,
Ahyr soňunda
Bir derýa akdyrdy
Onuň öňünde.
Derýanyň üstunde
Ejizje köpri,
Hany, ol geçsin-dä,
Şu bolsa pikri.
Ýöne bu adamyň
Keýpi hezildi.
...Ahyry aýdymyň
Soňy ezildi.
Köprüden dik aşak
Gaýdan badyna,
Onuň başga aýdym
Düşdi ýadyna.
Gygyrdy, gygyrdy
Çirkin çykdy ses.
Halasgär çagyrdy.
Eştmedi hiç kes.
Gygyryp, gygyryp,
Bu dar dünýäde,
Öl sesi bugaryp
Gitdi howada.
Hiç kim eşitmedi,
Ýetmedi dada,
Ine, şu darajyk,
Kiçi dünýäde.
Gygyrdy neresse
Ýarygijä çen,
Soň turup seretse,
Suw dyzdan eken.
Käte keýpi gelip,
Ýürek heň etse.
Indi başga aýdym
Aýdýar neresse.
1972
Gurbannazar Ezizow
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.