DAÝZAMYŇ OGLY

Alçajykdym ulygyzdym,
Jahyldy daýzamyň ogly.
Men, ynha öýmüze geldim,
Sen nirde, daýzamyň ogly?

Bu şeýle bolupdy telmem,
Partygmy alyp elimden.
Saýlap keşimiň öňünden
Çykardyň daýzamyň ogly.

Suw çekerdik çelek-çelek
Aňardym... bolşuň janserek.
Gum ýüzüne goşa ýürek
Çekerdiň, daýzamyň ogly.

Sen azajyk öwünjeňdiň,
Menem saňa göwünjeňdim.
Eýdip-beýdip göwünjigmi
Tapardyň,daýzamyň ogly.

Garaşdym netimden gaýtman,
Aýdaýmaly zadam aýtman,
Aýdylmasyz zady gaýtam
Otardyň, daýzamyň ogly.

...Edilensoň hülli-hülli,
Düşünýänsiň şindi-şindi,
Içi senli günler indi
Gutardy, daýzamyň ogly.

Ogulnur ATAÝEWA.
8 лайков 197 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
Автор 11 фев 2023, 17:41
Durmuşy öwrenmek talanty suwarýar, onuň köküni çuňlaşdyrýar, şahalaryny berkleşdirýär, tutuş kaddyny dogumlandyrýar. Durmuşdan üzňe talant näçe güýçli bolsa-da, kem-kemden guramak bilen bolýar.

* * *
Çeper edebiýatyň dili beýleki edebiýatlaryň dilinden özüniň obrazlylygy bilen tapawutlanýar.Şol obrazlylyk arkaly bolsa çeper eseriň dili aýratyn täsirli bolýar: duýgyny oýarýar, şatlandyrýar, gamlandyrýar.Şeýle etmek üçin bolsa, çeper eseriň diliniň düşnükliligi, sadalygy juda zerur.

(Kerim Gurbannepesow)
Perman Izakow
11 фев 2023, 18:37
Asyk boldum dostlarym oz dayzamyn gyzyna
Kesesinden guwandym gumda basan yzyna
Seydip iki yurekde soygi ody tutasdy
Menin ucin ay- yyllar goya guş bolup ucdu
Gaytdym gosun gullugna ara dusdi ayralyk
Gun asyrman hat yazdym sozlen gowsuny saylayyp
Yone bir gun hat geldi aglamasan aglama
Oglan adaglandym men senin uly agana
Perman Izakow
11 фев 2023, 18:37
Şu aýdymy ýada saldy.