***

Ine, ahyr kalba möhür basyldy.
Ýazgytda bar bolsa, men nirä gaçjak?!
Kirpiklemden senli düýşler asyldy,
Gabaklarmy ýumsam, gözüme gaçjak.

Dünýä meni seniň bilen bezedi.
Dilime adyňy, gözlerme keşbiň...
«Saňa müň hünärem azdyr» diýdi-de,
«Söýgi» diýp belledi, ýene bir kesbim.

Dünýä bizi gowy tanaýan borly,
Näme edýäs,
haçan, nirä barýas biz.
Ol bildirmän suratymyz çekipdir,
Indem ony bilelikde görýäs biz.

...Gezip ýörün, bahana ýok aglara.
Sesiňem seslerden aýratyn eken.
Ýöne, «Söýseň aňsat bolar» diýipdiň.
Ýalan...
söýüp bilseň gaýta kyn eken.


Aýgül Garaýewa
6 лайков 108 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet93
11 фев 2023, 23:18
Tacirli goshgy
Yusupahmet93
11 фев 2023, 23:20
,, Gabaklarmy ýumsam gözüme gaçjak"
Gowy tapyndy
Yusupahmet93
11 фев 2023, 23:22
,, Dünýä bizi gowy tanaýan bo:rly".
Yusupahmet93
11 фев 2023, 23:23
Ýumşak, mylaýym äheňli şygyr