HOŞLAŞYK
Soňky gezek gygyrdy-da parawoz,
Gök wagonlar gobsundylar haşlaşyp.
A sen bolsaň... a sen bolsaň, garagöz,
Ak ýaglygyň bulap dursuň, hoşlaşyp.
Bu nähili beýle bolýar, aýtsana,
Indi şeýdip galjakmy sen daşlaşyp?!
Dymyp durun penjiräniň öňünde,
Doňup durun penjiräniň öňünde,
Ýüz müň hili pikir bilen baş goşup.
Seniň bagtyň üçin, eý, göwün şadym,
Men-ä uzak ýola bi:lim baglaýan.
Sen nämüçin ugradaňda soldatyň,
«Aman baryp, aman gel» diýip aglaýaň?
Zyýany ýok. Aýralykdyr, geçer bu.
Ýüregiňi daglamaly bolma sen.
«Gitdi» diýip aglamaly bolsaň-da,
«Gelmedi» diýip aglamaly bolma sen.
✏Halyl KULYÝEW
Gök wagonlar gobsundylar haşlaşyp.
A sen bolsaň... a sen bolsaň, garagöz,
Ak ýaglygyň bulap dursuň, hoşlaşyp.
Bu nähili beýle bolýar, aýtsana,
Indi şeýdip galjakmy sen daşlaşyp?!
Dymyp durun penjiräniň öňünde,
Doňup durun penjiräniň öňünde,
Ýüz müň hili pikir bilen baş goşup.
Seniň bagtyň üçin, eý, göwün şadym,
Men-ä uzak ýola bi:lim baglaýan.
Sen nämüçin ugradaňda soldatyň,
«Aman baryp, aman gel» diýip aglaýaň?
Zyýany ýok. Aýralykdyr, geçer bu.
Ýüregiňi daglamaly bolma sen.
«Gitdi» diýip aglamaly bolsaň-da,
«Gelmedi» diýip aglamaly bolma sen.
✏Halyl KULYÝEW
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.