Hoşlaşyk

Soňky gezek gygyrdy-da parawoz,
Gök wagonlar gobsundylar haşlaşyp,
A sen bolsaň... a sen bolsaň garagöz,
Ak ýaglygyň bulap dursuň hoşlaşyp.

Bu nähili beýle bolýar, aýtsana,
Indi şeýdip galjakmy sen daşlaşyp.
Dymyp durun penjiräniň öňünde,
Doňup durun penjiräniň öňünde,
Ýüz müň hili pikir bilen baş goşup.

Seniň bagtyň üçin, eý, göwün şadym,
Men-ä uzak ýola bilim baglaýan.
Sen nämüçin ugradaňda soldatyň,
Aman baryp, aman gel diýip aglaýaň.

Zyýany ýok. Aýralykdyr, geçer bu.
Ýüregiňi daglamaly bolma sen.
«Gitdi» diýip, aglamaly bolsaň-da, «Gelmedi» diýip, aglamaly bolma sen.

Halyl Kulyýew
6 лайков 100 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
13 июл 2022, 13:05
Şu goşgyň iň soňky bendi dilimde sena bolupdy ilki okan wagtlarym.
Milana
13 июл 2022, 20:03
«Gitdi» diýip, aglamaly bolsaň-da,
«Gelmedi» diýip, aglamaly bolma sen...
Öwreniji
Автор 14 июл 2022, 13:49
Pegas,
Men öň okamandym, ýöne Bahary söýýän, diýip Ezizow güýz Halyl Kuly Ýaz şahyr diýilýänni bilýän