“GÜMÜNE GITSIN-LAÝ WALENTINASY!..”

Saňa söýgim beýan eden günüm
hem
Yran günüm bolsa bolýar bir maňa.
Ol günleri gyra goýup, hut şu gün
Baýram etmegmizi düşündir maňa.

Ýyldan-ýyla dide dikip elli ikä,
Geljegmize bakmalymy düýn bilen.
Her kimiň öz söýen güni bellikä
Adatyna gulluk edýäs rimlileň.

Ykrar edilenmiş
gadymy Rimde
“Söýginiň gursaga ýerlenen güni”.
Gümüne gitsin-laý Walentinasy,
Söýýän seni Allaň her beren güni.

Baky AMANÝAZOW
9 лайков 277 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
14 фев 2023, 20:16
Sapa aga bellek depderçäňde meniňem goşgym barmy. Heý ýekeje goşgymy halap okadyňmy?
Pegas
Автор 14 фев 2023, 20:19
Gerceknazar
Sapa aga bellek depderçäňde meniňem goşgym barmy. Heý ýekeje goşgymy halap okadyňmy?

Bellik depderçe diýen zat ýokdur mende. Men seň poçti hemme goşgyňam halap okaýan-a!)
Gerceknazar
14 фев 2023, 20:27
Pegas
Gerceknazar
Sapa aga bellek depderçäňde meniňem goşgym barmy. Heý ýekeje goşgymy halap okadyňmy?

Bellik depderçe diýen zat ýokdur mende. Men seň poçti hemme goşgyňam halap okaýan-a!)

Beýle süýji sözler nireden döredi sende. Ynan menem seniň goşgylaryňy halap okaýan. E kitap ýa-da programma görnüşinde jemlenen goşgylaryň barmy alyp okar ýaly .
Pegas
Автор 14 фев 2023, 20:28

Ýog-a.
Hiayress26
14 фев 2023, 20:45
Yran günüm birhili gödegräk eşdilýär. Gyzy belli bir günde yryp bolman, çeken ejiriňe, azabyňy bir gün garşy alyp, hoş söz, ýyly söz, razylyk, makullyk berýän güni bolup biler. Onam yran günüm diýseň, çagasow bolýalaý.
Hiayress26
14 фев 2023, 20:51
"Saňa söýgim beýan eden günüm
hem
Yran günüm bolsa bolýar bir maňa."

"Geljegmize bakmalymy düýn bilen."

"Söýýän seni Allaň her beren güni."

Şu setirler birhili öz aralarynda çaprazlaşýan ýaly. Saňa söýgim eden günüm, yran günüm bolsa bolýar bes maňa, soňam geljegimize bakmalymy düýn bile, hamala ýokarky seterlerdäki beýan edýän seneleri düýn däl ýaly, onsoňam Allaň her beren güni, olam birhiliräk ilkinji setire garaňda. Umuman goşgy erbet däl, temada aktual. Ýöne, biraz standartsyz garap has-da kämilleşdirse bolar.
Öwreniji
14 фев 2023, 21:06
Pegas
Gerceknazar
Sapa aga bellek depderçäňde meniňem goşgym barmy. Heý ýekeje goşgymy halap okadyňmy?

Bellik depderçe diýen zat ýokdur mende. Men seň poçti hemme goşgyňam halap okaýan-a!)

☺️☺️☺️
Ahmet
15 фев 2023, 01:47
Hiayress26,
Senďen erbet däl tankytçy çykjak eken ))