Ýene saňa

Şu oduň başynda beýan edýärin,
Ak kagyza siňen duýgylarymy.
Gör galamam çyrşamana dözenok,
Içki hasratlarmy , gaýgylarymy.

Oduň tüssesine gamaşýar gözüň,
Çirkeýler her ýanda çirkildeşýärler.
Ýüregim hem aňym , bedenim , ruhum,
Seni unutmana türgenleşýärler.

Seni "Unutmak diýmek ,
"Şat bolmak" diýmek.
Seni unutmak goşgylarmyň nokady.
Aglardyň,aglardyň,aglarsyň dözmän,
Ony saňa bolaýsady okadyp.

Ýöne seni aglatmana dözmeýän.
Saňa derek men aglaýyn bary bir,
Bary bir men,
Aglamana öwrenşen.

Gerçeknazar Amannazarow
2 лайков 121 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
15 фев 2023, 08:01
Ine muny men-ä halajak bolýan (çynym). Ýöne okujy nämäň ody, nämäň tüssesi nä sebäpden ot ýanyp dur bilesi gelýä-dä.
1-nji oduň başynda otyryp goşgy ýazýan şahyr göz öňüňe gelýär ýöne şondada näme üçin diýen sorag aýrylyp gidäýenok.
2-nji gyzdan ýatlama galmasyn diýip suratlarny, hat-petek, goşgy-poşgylaryny otlaýan bolmagy mümkin.
3nji düýbünden beýle däl bolmagy ahmal. Ýagny aýralyk—ot. Ýagny ýanýan zat ne kagyz, ne surat dälde. Gahrymanyň özi tütäp ýanyp otyr. Aý, ýok buýa birhili dogry dälmi?
Oduň tüssesine gamaşýar gözüň,
gyz ýanynda otyr eken-ä asyl. Duşusygy ot ýakyp arkaýyn geçirýän bu gahrymana tüweleme diýmeli.
Häk men ýene pikirimi ýitirdimdä üçinji bende geçip((
Ýa-da men başdan aýak ýalňyş düşündim. Özüň bir düşündirip bersene bu goşgyny agamjan
Gerceknazar
Автор 15 фев 2023, 08:10
Nemedäreý _Bayat,aga
Gidýärin köle balyk tutmaga

Köl boýunda oturdym
Ony ýada getirdim

Howa sowuk o:t ýakdym
Soňra kagyza bakdym

Ýüregimi eretdim
Şu goşgyny döretdim

Düşündirip bildimmi
Ýa düşüp bilmediňmi
Edepli Gödek
15 фев 2023, 08:20
Şu balykly ýeri goşgyňda bolsa has gowy düşnükli boljak eken-dä
Gerceknazar,aga