Edebiýaty kellä geýmeşek dowam edýär öýdýän. Menem kem galmaýyn))

Bazar.

Bazar. Köpçülik. Söwdagärler. Alyjylar. Haryt. Nyrh. Çekeleşik. Gymmat. Arzan. Bäsleşik. Howp. Hiçkim. Hemme. Duýanok. Görýärler. Ýöne... görenok. Gykylyk. Galmagal. Jemende. Tomaşa. Geleşik. Aldy! Näçä?! Kim? Ha-a-nha. Barýar. Op-baa... Jübi. Gapjyk. Pul. Näçe? Köp! Kimde? Kimden? Näme? Gapjyk. Gargyş. Sögünç. Ahmyr. Polisiýa. Sorag. Ideg. Hiçkim. Jogap. Bermek. Ýok. Howwa. Howsala. Howp. Aý-ý...
—Nätjek?!
—Nädeýin?
—Aý-ý..? Bähbit...-dirdä.
—Howwa. Şeýle...-mikä?
—Şeksiz.
Gargyş. Hezil. Gülki. Gargyş. Gaýtmak. Öý. Heleý. Igenç. Gahar. Igenç. Gazap. Igenç. Irden. Agşam. Düýş. Huş. Igenç. Çydam. Sabyr. Dolmak. Daşmak. Igenç. Galmagal. Ýarylmak... Gan. Ökünç. Agy. Gorky. Goñşular. Üýşmek. Üýşmeleñ.
Polisiýa.
—Geñ.
—Näme?
—Aý-ý... Ýör.
—Nirä?
Sorag. "Barmy?".
Jogap. "Ýok"...

Şyhnazar Durdyýew.
9 лайков 327 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
15 фев 2023, 06:59
Öte ajaýyp goşgy bolupdyr atdaş aga-auw. Şeýle dowam ediber. Ýöne igenç sözi köpräk gaýtalanýar.
Edepli Gödek
Автор 15 фев 2023, 07:00
Gerceknazar,
Goşgy diýmeseň ajap bolardy welin... aý zyýany ýok seň üçin goşgy bolýan bolsa mesele ýok
Edepli Gödek
Автор 15 фев 2023, 07:02
Gerceknazar, aý, ýok dowam et diýmägör. Şahyr bolmak ýa ýazyjy bolmak üçin atyň kellesi ýaly ýürek gerek olam mende ýok atdaş aga-auu
Gerceknazar
15 фев 2023, 07:04
_Bayat
Gerceknazar, aý, ýok dowam et diýmägör. Şahyr bolmak ýa ýazyjy bolmak üçin atyň kellesi ýaly ýürek gerek olam mende ýok atdaş aga-auu

Mende-de ýürek ýok ine şahyr bolup ýörnä
Gerceknazar
15 фев 2023, 07:05
_Bayat
Gerceknazar,
Goşgy diýmeseň ajap bolardy welin... aý zyýany ýok seň üçin goşgy bolýan bolsa mesele ýok

Şu wagta çenli okan iň gowy goşgylarymyň biri
#B.S
15 фев 2023, 07:15
Tüweleme!
Edepli Gödek
Автор 15 фев 2023, 07:19
Gerceknazar,
Şahyrmy sen? Eý goýa ohho çynyňmaý agam? Tüweleme kämilligide ýetensiň onna hä? Ýüreksiz diýdiň welin bolmadyda şunyň. Ýürek bolmasa bilmedimdä saňa "görüplik" etjegä kän bolar bu şahyrlyk ýolunda
Gerceknazar
15 фев 2023, 07:22
_Bayat
Gerceknazar,
Şahyrmy sen? Eý goýa ohho çynyňmaý agam? Tüweleme kämilligide ýetensiň onna hä? Ýüreksiz diýdiň welin bolmadyda şunyň. Ýürek bolmasa bilmedimdä saňa "görüplik" etjegä kän bolar bu şahyrlyk ýolunda

Onda-da genial şahyr men . Ýazyjam bolup bilýän. Zyýany ýok "görüplik" etseler gülüp geçerindä
Gerceknazar
15 фев 2023, 07:24
_Bayat
Gerceknazar,
Şahyrmy sen? Eý goýa ohho çynyňmaý agam? Tüweleme kämilligide ýetensiň onna hä? Ýüreksiz diýdiň welin bolmadyda şunyň. Ýürek bolmasa bilmedimdä saňa "görüplik" etjegä kän bolar bu şahyrlyk ýolunda

Onda-da genial şahyr men . Zyýany ýok "görüplik " etseler gülüp geçerindä
Gerceknazar
15 фев 2023, 07:27
_Bayat
Gerceknazar,
Şahyrmy sen? Eý goýa ohho çynyňmaý agam? Tüweleme kämilligide ýetensiň onna hä? Ýüreksiz diýdiň welin bolmadyda şunyň. Ýürek bolmasa bilmedimdä saňa "görüplik" etjegä kän bolar bu şahyrlyk ýolunda

Senem şahyr bolýaň şeýle "goşgylar" dörediber
Edepli Gödek
Автор 15 фев 2023, 07:34
Meni tutup maňlaýma daglap "Şahyr" diýip ýazsalaram mende ýürek ýok bolsa men-ä utanyp gezerdim. Şahyr diýenlerine. Çopan diýselerem şahyr bir diýmesinler muny götermäge güýjim ýok atdaş aga-auw. Gerceknazar,
Gerceknazar
15 фев 2023, 07:42
_Bayat,
Hana "Şahyr" adyny göterip ýörlerä sen şolarça ýokmy?
Edepli Gödek
Автор 15 фев 2023, 07:45
Gerceknazar,
Göterýänler bilen işim ýok meň))
Perman Izakow
15 фев 2023, 07:54
Tüweleme fantazýaňa gep ýok?
Owrenyan
15 фев 2023, 08:27
Gowy.
Gyzykly.
Owrenyan
15 фев 2023, 09:17
Munuň ýaly eksperimental synanyşyklary, özüm-ä "edebiýaty kellä geýmek" hasaplamok.
Edebiýat - edil dürli güllerden bogulan çemen ýa-da dürli müşki-anbardan düzülen atyr ýaly.
Ol hiç kimiň atasyndan galan mellegi dälmikä diýýän. Synanyşybermeli. Gözläbermeli. "Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar" diýilýär-ä.
Kyssaň (prozaň) ýa-da poeziýaň bu usuly bolsa, başbitin täzelik däl. Öňem bar. Bu usulda ýazylýaram, synanyşygam edilýär.
Bujagaz mini kyssajygam özboluşly hem tapmaçalyja zat bolupdyr. Öňünden yzy gür gelsin.

Balkonda / mini-nowella

Dördünji gat. Balkon. Agşam. Güýz. Çigrek. Köýnekçe. Üşeme. Ýeňiljek. Köçe. Çyralar. Asfalt. Çalymtyk. Ulag. Agymtyl. Durdy. Sürüji. Düşdi. Döwlüpdir. Gaharly. Oňaranok. Emelsiz. Ys. Sormak. Kofe. Öýdäki. Bulgurça. Kofe. Owurtlamak. Endik. Zyýanly. Gije. Ukusyzlyk. Mümkin. Hiç. Bulgurça. Kofe. Barybir... Ulag. Sürüji. Bolanok. Soraýar. Açar? Kelle. Düzüwmikä? Jogap. Sorag. Nähili? Gazowyý. Kelle. Düzüwmikä? Bulgurça. Kofe. Düýbi. Ajy. Jogap. Ýok. Sorag. Goňşularda? Kelle. Düzüwmikä? Jogap. Bilmeýär. Sorag. Sorasaň? Kelle. Düzüwmikä. Bulgurça. Boş. Gapy. Açylýar. Öýdäki. Bulgurça. Ýok. Sürüji. Sorag. Nätdi? Jogap. Näme? Sorag. Açar? Jogap. Haýsy? Sorag. Goňşulaňky. Jogap. Haýsy? Sorag. Gapdaldaky. Jogap. Bilmeýär. Sorag. Soramadymy? Jogap. Nämüçin? Sorag. Nämüçin? Jogap. Nämüçin? Çeýnedi. Ikisem. Sürüji. Gaharly. Gitdi. Ulag. Dur. Dem. Sergin. Lezzet. Kofe. Damarda. Ýyldyzlar. Asmanda. Çyralar. Sütünde. Ulag. Köçede. Sögünç. Sürüji. Ýylgyryş. Ajymtyk. Asfalt. Çalymtyk. Ýagtylyk. Sarymtyk. Dünýä. Ýyldyrawuk. Gije. Hezillik...
Owrenyan
15 фев 2023, 09:17
Gül / mini-nowella

Seýilgäh. Trotuar. Basket. Gül. Gyz. Ýene-de. Ýigit. Adamlar. Gaňryldy. Kime? Maňamy?! Däl. Gitdi. Barýar. Ýadyna. Düşdi. Gül! Dolandy. Ylgady. Ýoldy. Gyz?! Hany?! Hanha! Haýdady. Yzyndan. Jürrüt! Jürrüt! Milise?! Garawul?! Ezraýyl?! Gaçdy. Ylgady. Ýetmeýär. Dem-deme. Ylgaýa...Jürrüt! Jürrüt! Dur-eý! Tutuň! Saklaň! Saklarlar!!! Näderler?! Basarlar?! Ylgaýa...Trotuar. Basket. Köçe. Çatryk. Çatryk. Jaýlar. Garaňky. Agaç. Şaha. Wäk! Ylgaýa...Geçit. Geçit. Trotuar. Basket. Köçe. Trotuar. Basket. Geçit. Jaýlar. Durdy. Haş-haş...Minut. Rahatlandy. Seretdi. Asman. Ýyldyzlar. Ýaňsyly. Meňzeýäler. Gyza. Opba! Elinde. Gül...Ha-ha-ha...Güldi. Kesdi. Iňkis. Sorag. Öz-özüne. Duşarmy? Ýene...Gaýgy. Dem. Sergin. Gije. Ajap. Jaýlar. Garaňky. Penjireler. Ýagty. Dünýe. Giň. Dem. Jogap. Hökman. Gül. Oturgyç. Gerekli. Alar. Ýylgyrdy. Gije. Ýylgyrdy. Asman. Ýylgyrdy. Jaýlar. Hezillik...
Owrenyan
15 фев 2023, 09:18
Mona Liza / mini-nowella

Awtobus. Oturanlar. Duranlar. Aýna. Alagaraňkylyk. Köçe. Yşyk. Salgymlar?...Birden. Gördi. Mona Liza?! Illýuziýa?! Hyýal?! Meňzeşlik?! Derman?! Pahmel?! Owkalady. Seretdi. Şo! Gülümsireme. Syrly. Bäh...Süýşäýsemikä?! Ýitäýse?! Sorag. Nämdiýjek?! Salam?! Mona Lizamy?! Dagynä?! Samsyg-ow! Togtady. Duralga. Düşýänler. Münýänler. Mona Liza?! Owf! Otyr. Süýşmeli! Diýmeli! “Ölýän!”. Soň?! Soňy hiç! Diýmeli! “Öpäýin!”. Gülümsiremäňden. Ýogsa?! Armanly. Ömürbaky. Ugrady. Ýene. Aýna. Köçe. Yşyklar. Salgymlar?! Gyrpdy. Sekunt. Seretdi. Mona Liza?! Ýok... “Öläýseň!”...
Owrenyan
15 фев 2023, 09:18
Kafedäki siluet / mini-nowella

Kafe. Witrina. Týul. Siluet. Gamgyn. Garaşýa?! Kime?! Gelmedi. Umytsyz. Jaň. “Geleňokmy?!”. “Nämüçin?!”. “Şeýlemi?!”...Ýüz. Stol. Nazar. Ýaraty...Kafe. Witrina. Týul. Siluet...
Owrenyan
15 фев 2023, 09:18
Göwnüçökgünlik / mini-nowella

Golýazma. Jogap. “Bolanok”. Üçýyl... Azap... Ýüregagyry. Depressiýa. ÜÇÝYl!!! Ýene-demi?! Pytraýa...Ruhy...Nätmeli...“Öläýseň!”...Terpendi. Golýazma. “Beýtme!”. “Men nätmeli?!”...
Owrenyan
15 фев 2023, 09:18
Çabga / mini-nowella

-Eziläýme!
Saýawan?!
-Sagbol...
-Ganatlaň. Bet!
- Sagbol...
-Kim-aý sen?!
-Perişdejik...
-Çynyňmy?!
Başatma...
-Bäh...
Ýeňse. Gaşaldy.
-A sen?
-Oglanjyk.
-Nämişleýäň?
-Seni...Gözledim...
-Tapdyňmy?
-Howwa...
-Sagbol...
Geň.
-Nämüçin?
-Tapanyňa...
Owrenyan
15 фев 2023, 09:19
Tans / mini-nowella

Tozgalar. Ak. Şemal. Köwsarlaýa...Küýsedi. Ýürek. Tans. Edelimi?! Ötegçiler?! Sazsyzmy?! Hiç! Tut elimden! Pyrla! Meni...Şemal. Tozgalar. Jenan. Tans...Gözellik...
Owrenyan
15 фев 2023, 09:21
Ýer ýüzüniň iň gysgajyk hekaýalary

1. Ernest Hemingueý öz dostlary bilen, özüniň şondan öň ýazan zatlarynyň arasynda iň bir ýüregiňi gyýýan, iňlis dilinde alty sözden ybarat bolan hekaýajygy ýazyp biljekdigi hakynda jedelleşipdir. Şu aşakdaky hekaýajygy ýazandan soň dostlary onuň jedelde ýeňendigini ykrar edipdirler:
“Çaga köwüşjigi satylýar. Geýilmedik...” (“For sale: baby shoes, never used...”);

2. O.Genriniň aşakdaky hekaýajygy özünde doly sýužet ýordumyny, ýagny girişi, kulminasiýany we netijäni jemleýän iň gysga hekaýalaryň arasynda ýeňiji bolupdyr:
“Sürüji çilimi otlady we benziniň näçeräk galandygyny görmek üçin benzobagyň üstüne egildi. Merhum ýigrimi üç ýaşyndady”;

3. Frederik Braunyň şu aşakdaky hekaýajygy iň gysgajyk gorkunç wakalaryň bäsleşiginde ýeňiji bolupdyr:
“Ýeriň ýüzündäki iň soňky adam otagda otyrdy. Gapy kakyldy.”;

4. Beýik Britaniýada iň gysgajyk hekaýalaryň bäsleşigi geçirilende şeýle şertler goýlupdyr. Hekaýada şu aşakdakylar ýatlanylmaly ekeni:
- Hudaý;
-Angliýanyň melikesi (korolewasy);
-jynsy gatnaşyklar barada azajyk;
-haýsy-da bolsa bir syr.
Bäsleşikde şu aşakdaky hekaýa ýeňipdir:
“ – Eý Hudaý! – diýip melike gygyrdy: - men göwreli, kimdendigem näbelli!”;

5. Iň gysgajyk çeper terjimehallaryň bäsleşiginde bir gartaşan fransuz zenanynyň şu aşakdaky hekaýajygy ýeňiji bolupdyr:
“Öň meniň ýylmanajyk ýüzüm we ýygyrt-ýygyrt köýnegim bardy, indi bolsa – tersine”.
Edepli Gödek
Автор 15 фев 2023, 09:42
Owrenyan,
Sagboluň minnetdar.
Öwreniji
15 фев 2023, 10:33
Krassword hekaýalary, pikirlendiriji. Gowy bolupdyr.