********

Keýwanydan eştýän igenç, gümürdi,
Içip, serhoş bolan güniň ertesi,
Öýüň için hajathana çöwürdi,
Içip, serhoş bolan güniň ertesi,

Men bilmedim indi näme belläpsiň,
Bir iş edip, balagyňam ölläpsiň,
Üşediňmi?
ýanýan pejäm elläpsiň,
Eştýän sözüm, içen günüň ertesi,

Ýüzüňde-de dyrnak yzy pişigiň,
Ýagyş ýagmyr ýagmasada, eşigiň,
Ö:l-myžžyk, gara batga,
Eşşegiň
Eştýän sözüm, içen günüň ertesi.

Ne boldy, nirede, kim bilen içdiň,
Haýsy, kafelere puluňy seçdiň,
Indi, haýsy gelne gujagyň açdyň,
eştýän sözüm, içen günüň ertesi,

Ne işlärsiň, ne-de bir iş tutarsyň,
Indi uzakly gün turman ýatarsyň...
-Ehh, Allahym şu sözlerden gutarsyn,
Içip serhoş bolan günmiň ertesi.

R. Mämetgurbanow
4 лайков 136 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
Автор 07 июн 2022, 11:40
Ol.
Ýaňy dünýä inen çagady.
Begendi, bir pursat, hemem aglady,
Bagryndan önen ýeke perzendin,
Soňky demindede ganat baglady,

Ýetim galdy, owal dünýä inmänkä,
Görmedi mährini, gerçek atanyň,
Ýetim galdy ýaňy doglup, emmänkä,
Bilenok enäniň, bagra basanyn.
Remezan
Öwreniji
Автор 07 июн 2022, 11:51
Goç ýigide näme gerek?
Owal başdan bolşy ýaly,
Gyrmyzy, zer dony gerek.
Maşyn gerek, motor gerek,
Bolsa, yzy hatar gerek,
Ýany bilen prawasy,
Benzinäm elýeter gerek,
Bir wepaly ýary gerek,
Işe ussat zory gerek,
gyz waspyny ýetirere,
elinde gitara gerek,
aýdym aýtsa sesi belent,
Goşgy aýtsa labyzly bent,
bir mynasyp ogul perzent,
ogul, gyzy bary gerek,
Sowalgaňa puly bolsa,
islän ýerine baryp gelse,
Soňky çykan gymmat baha
Aýfon telefony bolsa,
Baran ýeri garşy alsa,
Abraýy arşa galsa,
Birden biri garşy bolsa,
Goşgy düzmek nämä gerek?
R. Mämetgurbanow
Aýsere
07 июн 2022, 12:43
Ýaman aýalyñ bar ekeni
Öwreniji
Автор 07 июн 2022, 18:09
M-11.
Ýaman aýalyñ bar ekeni

? aýalym ýaman däl, ol diňe gözüni alartdygy ýeterlik, beýdip maňa geplemeýä
Ötegçi
08 июн 2022, 20:28
Gepletmän lepbeý diýýän diýsene agam ;D