Işle ýürek, eger ýaşasyň gelse...

Ir garradym,
özümden ir garradym,
Ir sanadym saçyň-sakgalyň agyn.
Hamrak saýdym dünýäň gussa gamlaryn
Oýnaýjak,
okaýjak,
ýaşaýjak çagym.

Mazmunymy aýdyp ýetişmen öýdüp,
Mydama ömrüme heder syzdym men.
Söýlüp-söýüp,
ýigrenilip-ýigrenip
Kän okalan kitap kimin tozdum men.

Şeýdip tozýar ýollar: çakyr-da-çukur,
Artyk bolan çagy ýoluň gatnawy.
Gasyn däl, maňlaýda görünýär pikir,
Ömrüň gazap bilen ýazan hatlary.

Çaksyz daşyp dolaýdymmy köle men,
Kanagat tapdymmy maksada ýetmän?
Bilýän: siňýän güne, aýa, ýyla men —
A olar bilýärmi geçmişe gitmän?

Olar bilmeýärler geçmişe gitmän,
Gark bolýan gämiden gözleme dalda.
Eý, ölüme garşy kalpdaky pitnäm,
Gal sen bu jahanda çakylyk bol-da.

Tylla çägäm syzyp barýar elimden,
Dalak deý ýapyşýar ünjüm böwrümden.
Öýleden soň ýokdur günüň salymy,
Öýleden soň salmy ýokdur ömrüň hem.

Işle ýürek!
Eger ýaşasyň gelse,
Işleseň ýaşarsyň!
Sakla ýadyňda!
Bagşy gyzar gije çene ýetende,
Dutar bala dönýär gijäň ýarynda...

Nobatguly Rejebow
14 лайков 174 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Owrenyan
Автор 16 фев 2023, 19:17
Hokku (ýapon poeziýasynyň bir žanry):

Eger ýürek dutar bolsa,
onda çalnan mukam,
baglary güllederdi belkäm...
Owrenyan
Автор 16 фев 2023, 19:18
Ajaýyp diýlip ykrar edilen ýapon hokkularynyň (haýkularynyň) käbirleri:

Eý, ýyldyz ýagyşlary
Niçe arzuwlam meniň
Wysal bolup bilerdi.

(Kisune Miýato)

О, звездопады
Сколько желаний моих
Сбыться могло бы.

(Кицунэ Миято)

Sözleri gyrkmak.
Gerekdälin zyňmak.
Şadyýan dem almak.

(Masuo Basýo)

Отсечь слова.
Ненужное отбросить.
Радостно вздохнуть.

(Мацуо Басё)

Sowuk ýüregime bardy:
merhum hatynymyň daragna
otagmyzda basdym men.

(Buson)

Холод до сердца проник:
На гребень жены покойной
В спальне я наступил.

(Бусон)

Aramyzda bigäne ýok!
Hemmämiz birew-birewe dogan
Güle basyrylan üljeler astynda.

(Issa)

Чужих меж нами нет!
Мы все друг другу братья
Под вишнями в цвету.

(Исса)