Seniñ bilen hoşlaşybam bilmedim...

Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim,
Söýdiň hem ýigrendiň.
Çekildim çete.
Ine,doňup durun yzyňdan garap,
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede.

Gidip barýaň,
çaşyp barýar akylym,
(Bu nähili ýowuz duýgy,Hudaýym?!)
Erteki deý söýgiň ertesi ýokmy?
Üstümden ganatyn çekdi humaýym.

Gidip barýaň,
umyt barýar inçelip,
Indi köçäňizden gatnap ýörmerin.
Zat ilmedik çolpym bilen gaýtadan
Arzuw derýasynyň boýun dörmerin.

Unutmak elimden geljek işmi nä?
Diýmek kyn:"Kysmatdyr maňlaýa gelen".
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede
Öz-özüm hoşlaşýan arzuwlam bilen.

Pyşyrdymyz diňlän bagyň astynda,
Köp garaşdym,köp garaşdym...gelmediň.
Günäm ýok diýjekdim,
gitme diýjekdim,
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim.

Seýitmyrat Geldiýew.
8 лайков 155 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.