Sazly ölüm

Eneşiñ bir hili şu gúnler keypi yokdy. Ol okuwyndan çykyp kóçániñ añry tarapyna geçdi. Pyýadalaryñ ýolundan yóráp gelýárdi.
Ol sumkasyndan el ­telefonuny çykardy-da aydymly fayl bólúmine girip, gulaga dakylyp saz diňlenýänini (naushnik) dakyp aydym diñláp
baryardy. Baglardan gaçyan sary yaprak onuñ saçlaryna bezeg beryárdi.Onuñ gaşlary birneme çytyk bolsa­da aydymly dúnýáde onuñ ýúregi diyseñ parahatdy. Kóçániñ ugrynda yuwaşlyk bilen onuñ yzyna dúşúp gelýán gara VI maşynda bolsa onuñ daşyndan kóp wagt bári
aşyk bolup yóren Ezber gelýárdi.
Şol pursat kóçániñ ortasynda şyrlap eşdilen polisiyanyñ ýol gózegçilik gullugynyñ jurlewigi yoldan gelýánleri
biynjalyk etdi:
­Kóçániñ óñi eyyám dykylypdyr;
diyip Ezber gahar bilen signalyna urdy.Kóçániñ gyrasy adamdan dolu­dy.
Şol yerden 3 sany batly ylgap geçen adamlary górúp teke bazaryñ gyrasynda súýt satyan dayzalar sumkalaryny
ellerine aldylar.
Ylgap baryanlaryñ yzyndan garynlak 4 sany polisiya işgárleri ''haşlaşyp'' olary kowalap gelyárdiler.
Ezber signal berip aynadan kellesini çykaryp:
- Ene­e­e­e­ş
diyip gygyrdy.
Eneş megerem bolup geçyán zatlardan bihabardy:
­- Ene­e­eş, Eneşja­a­a­an du­u­ur...
Ol gaçyp gelyánler bolsa jenayatkárdiler.
Eneş gadamly urulyan deprek gadamly skripka ulaşan ruhybelent sazy bilen óñe ýóráp baryardy.
Ezber maşynyndan dúşdi­de Eneşiñ yzyndan okduruldy.
Doñdurujy effektli górkezme­de ýañky jenayatkárleriñ goltugyndan çykan pyçagyñ ýitisi gún şóhlesine çakyşyp
Eneşiñ ýúzúne serpilip gitdi. Eneş gorkup hem yetişmedi.Onuñ názik inçe bilinden parran dilinip geçen pyçak urgusy onuñ demi bilen badynam kesdi.
Ezber :
- Bar ylgan gúýjúni boşuna sarp etdi.Ol durdy çókúne dúşúp asmana tarap seretdi.
Ol yetişmedi.
Eneş hyrkyllap demini zordan alyp gana bulaşyp yatyrdy.Elleri titreyárdi.Gyzaran gózlerinden ýaş gelip ahyrky
deminde kysmatyna kaýyl boldy.
Ezber emaý bilen gana bulashyp yatan gyzyl gúli gujagyna aldy.Gara bashyny Eneşiñ boynuna diráp şeyle bir
aglady. Edil góz ýaşlary bilen onuñ názik endamyndaky ganlaryny yuwdy.
Górüň kysmat işini!
Haram zada ganhor jenayatçylar ýitirim boldylar. Olary kowalap gelyán semiz pyýadalar Ezberi gúnákárláp onuñ eline demir zynjyr baglap alyp gitdiler.
Eneşiñ gulagynda ýañlanyp duran sazly dúnýá, ony gadamly ólúmhana eltipdi. Onuñ súrme çekilen gara gózlerine, ay yaly yúzúne sary yaprak gaçyp durdy, gaçyp durdy...


@Jekwarabey.
6 лайков 198 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
21 фев 2023, 23:52
Eneş diýme, ýüregim agyrýar, dost)
Гость
21 фев 2023, 23:54
Polisiýadan gaçyp gelýän adamyň öňünden çykan we olara hiç hili päsgel bermejek gyzy keýpine pyçaklap geçip gitmekleri, oňsoňam polisiýa işgärleriniň ol jenaýatçylaň yzyndan ylgap gelýärkäde bu gyzy şolaryň pyçaklandygyny görmeýşi we Ezberi günäkär etmekleri ynandyryjy däl. Şol ýerlerine üns ber garakçy )
Jeksparro
Автор 21 фев 2023, 23:55
Гость
Polisiýadan gaçyp gelýän adamyň öňünden çykan we olara hiç hili päsgel bermejek gyzy keýpine pyçaklap geçip gitmekleri, oňsoňam polisiýa işgärleriniň ol jenaýatçylaň yzyndan ylgap gelýärkäde bu gyzy şolaryň pyçaklandygyny görmeýşi we Ezberi günäkär etmekleri ynandyryjy däl. Şol ýerlerine üns ber garakçy )


Bolýa, düzediş girizeniň üçin sag bol halypa... ?
Perman Izakow
21 фев 2023, 23:57
Bolan wakamy?
Jeksparro
Автор 21 фев 2023, 23:58
PROLIGA
Bolan wakamy?


Ýok, 2016-2017-nji ýyllarda ýazylan hekaýa
RelaX
22 фев 2023, 01:00
Türk serial goren yaly boldum
Aýgül Ýazweliýewa
22 фев 2023, 01:35
Polisiýa işgärlerini näme üçin hemişe görkezýälerkä?
Гость
22 фев 2023, 09:52
Aýgül Ýazweliýewa
Polisiýa işgärlerini näme üçin hemişe görkezýälerkä?

Gowy adam bolanlary üçin )