Kellämde köp aýlanýan setirler

Ýüregimde özüme ýer galmady
Arzuw-aladadan, söýgi-ýigrençden.
Birmahalky ölüm bilen deňeýän,
Gorkup ýören aýralygma öwrenşdim.

S.Geldiýew
12 лайков 416 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:13
Deňziň erňegine bir agşamara
barsam,
gelen bolsa, topugyn öpsem...
Ýaýrasam, ynjalyp siňsem kenara,
Türkmen topragyna derdimi döksem...

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:14
Adam düşünmegi açyşdyr öýdýär,
Düşünilse bolýar, edilsin “açyş”.
Aýan duýdum, maňa birentek zatlaň
Aýan däldigini pikirde açyp.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:15
Baharda yşk geçse gözden gözlere,
Ownuga geçermi nobat uludan?!
Batyr gözlem, batyl gözlem kösendi
Artan setir tapman Nobatgulydan.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:16
Aýtmadyk sözleriň ýürege sygman,
Soňky deme çenlem ýetmän takadyň,
Agy bolup bokurdagňa direse,
Pyşyrdylaň barar maňa jaň bolup:
“Sen nirede, sen nirede, nirede?!”

S.Geldiýew

Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:17
Men diýerin, “Seni söýýän!” diýerin,
Ýaza aşyk bolan gizlemez syryn.
Ömrüni poeziýa baglanlar deýin,
Menem öz ömrümiň şahyrydyryn.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:18
Gözümiň gabaklap ýygnan zatlaryn
Çanaklap kellämiň ýadyna guýdum.
Ýaňy ýaşlygymyň ortalan wagty
Ahyrlap ýör öýdýän bagta umydym...

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:18
Aşgabat — öl-myžžyk,
çyg çekýär aňym,
Ýuwulýar jemaly çaňjaran dünýä.
Aglaýar hemrasyn ýitiren janym,
Ruhum — merhum arzuwlarma öwlüýä.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:19
Pyşyrdymyz diňlän bagyň astynda
Köp garaşdym, köp garaşdym... gelmediň.
“Günäm ýok” diýjekdim,
“Gitme” diýjekdim,
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:21
Dünýäň ikidigniň sepi açyldy
Arzuwym bir näzik keşbe girende.
(Eger bagt birine ýetmeýän bolsa,
Artykmaç bolmaly başga birinde)

S.Geldiýew
Perman Izakow
22 фев 2023, 00:22
Seýtmyrat Geldiýew @Aksary agzamy?
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:24
Düýnüň bir burçunda aglap dur söýgim,
Haýp, indi men ony diňdirip bilmen.
Näçe gynansamam, gynanmasamam,
Ony özge gyza siňdirip bilmen.

S.Geldiýew
GuljemilE
22 фев 2023, 00:25
Gowy yazyan şahyr Seyitmyrat Geldiyew.
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:26
Aşa ynanjaňdym söýgä, durmuşa,
Undulýan ekeniň derde emsizkäň.
Maňa şahyr diýip aşyrmaň hetden,
Maňa şahyr diýip meni kemsitmäň!

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:27
Höwesimi sowup dyndym manat deý,
Durup, durup, hiç gyza lak atmaýan.
Çaga deý çyrçykly yşkymy üwräp,
Uniwersitete awtobusly gatnaýan.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:28
Ullakan arzuwlam sygman döşüme,
Ýüregmi ýukaldyp düýbün deşipdir.
Durmuşdan pelsepe çöpläp ýörşüme,
Gussalam azajyk artyk düşüpdir.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:30
Sygynanym ýazgydyma sygmady,
Melegem mätäçkäň gelmese näme?!
Başyma ýapma-da beýle kysmaty,
Tapan bagtyň bilen ýelme depäme!

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:32
Sag hemem sol perişdelem depderne
Ýazýan bolsa ýüregimiň senasyn,
Ol depderleň hatda ikisinde-de,
Her bir sahypada bardyr seň adyň.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:34
Arzuwlara ýetilýändir öýderdim,
Başarsa ýürekden söýüp bir adam.
Belki-de, dokuzy düz bolan bolsa,
Bir goşgam ýazmazdy Seýitmyradam.

S.Geldiýew
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:38
PROLIGA
Seýtmyrat Geldiýew @Aksary agzamy?

Ýok.
Retro
Retro
22 фев 2023, 00:45
Bäh gije bu ýagdaýa düşýän bolsaň öýlenäysene sen gowusy :)
Pegas
Автор 22 фев 2023, 00:51
Retro
Bäh gije bu ýagdaýa düşýän bolsaň öýlenäysene sen gowusy :)

Nähili ýagdaýa düşýän bolsam?
Öwreniji
22 фев 2023, 02:31
Sagbol minnetdar! Gowy kömek
Retro
Retro
22 фев 2023, 03:00
Pegas
Retro
Bäh gije bu ýagdaýa düşýän bolsaň öýlenäysene sen gowusy :)

Nähili ýagdaýa düşýän bolsam?

Nähili ýagdaýa düşeniňem bileňokmy? (Onda haýallapsyň sen) :)
Pegas
Автор 22 фев 2023, 03:57
Retro
Pegas
Retro
Bäh gije bu ýagdaýa düşýän bolsaň öýlenäysene sen gowusy :)

Nähili ýagdaýa düşýän bolsam?

Nähili ýagdaýa düşeniňem bileňokmy? (Onda haýallapsyň sen) :)

Ýene-de gijeýär öýdýän, gaşanýaň welin)) Haýallamadygymy soňurrak görersiň)) Biraz keýpini çykar sen))
Aksary
22 фев 2023, 09:14
Güzeriñ ýakasyndaky
Saçyn sallap oturana turýança
Ýalançy çyna öwrüldi
Perişdäm jyna öwrüldi
Гость
22 фев 2023, 09:50
Pegas,
"Palçy gelin gözleriňde jady bar"

- diýip başlanýan goşgy haýsy şahyra degişlika Pegas, Atajan Taganamyka?! Muny soraýanymyň sebäbi şol goşgyny awtoruň özi okaýan wideojygy bar mende, ýöne goşgyň ad'am awtoruň ad'am görkezilmändir. Ak saçly, burunlagyrak, bugdaý reňk, eli hasaly ýaşuly şahyr eken özä. Şo goşgyň ýazaryny bilýän bolsaň aýdaýsaň! Diňe Pegas däl, agzalar, sizede ýüzlenme bul. Bilýän bolsaňyz aýdaýyň!
Hiayress26
22 фев 2023, 10:19
Гость,
Atajan Taganyň goşgysy.
Гость
22 фев 2023, 10:28
Hiayress26,
Bolýa, sag bol şepe.
Goklors
22 фев 2023, 16:08
@Гость şol wideo bar bolsa ugratsana pezzek@mail.ru
Pegas
Автор 22 фев 2023, 20:49
Гость, özi. Şol kürtsypat burunlagam özi)