Duşuşyk

Düýn öýlän bir ýerde duşuşyk boldy.
Durşy bilen gyzdy klubyň içi.
Her dürli saçlary görenem bolsam,
Şuň ýaly bir jaýda jemlenen saçy
Görmändim, görmändim
şu wagta deňeç –
Giden zalyň içi durşy bilen saç.
Kä örümleň ini –
Bir agsak sere,
Kä örümleň boýy –
Bir ýarym gulaç...
Eý, mugallym dostum – ýygnak başlygy,
Bol ahyr, tiziräk ýygnagyňy aç.

Ýygnagyňy aç-da, dokladyňa geç.
Aýtjak zadyň aýt-da, ýol ber sen goşga.
(Onsoňam, her zadyň wagty bar ahyr,
Şu mahalam doklad bolar oguşýa!)

Ýygnagam açyldy.
Dokladam tamam.
Yjazat berildi. Başlandy goşgy.
Okalan goşgular dokuzmy, bäşmi,
Setirleriň içi dykyzmy, boşmy, –
Häzir onçasyny aýdyp biljek däl.
(Maňa degişli däl o zatlaň jemi).
Ýöne aýtjak bolýan ýekeje zadym:
Galmady goşgynyň okalmak kemi...

Duşuşyk gutardy. Daşaryk çykdyk.
Gyzlar üýşüp geldi «däde-de, däde».
– Mümkin bolsa... biziň mekdebmize-de,
Däde-däde, şeýdip... geliň-ä käte! –
Diýip, dädelerin ýola saldylar
Bir topar Tyllalar, Altyn, Kümüşler.
...Şeýdip, «däde» diýşip durjak bolsaňyz,
Indi gelermikäm,
kökkesilmişler!..

Kerim Gurbannepesow
3 лайков 101 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
22 фев 2023, 10:33
?. "Men garradym weli, dünýä owadan gelinden dolaýdy" - diýýämiş öňem biri )
Гость
22 фев 2023, 10:49
ViolinisT
Гость,
Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi –
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.

Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy
bir çabdyň jübsün..

Onýança-da açdy gapysyn «Watan»...
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum...
Guwan, şahyr guwan,
Utan şahyr,
Utan!

:)
Гость
22 фев 2023, 10:50
:)))