Hyýaly söýginiň etýudy

Sen sora! –
Elleriň meniki bolsun.
Ýalňyz yşgymyzyň hatyrasyna,
Bagtymyzy götär ýaly Asmana
hem ýyly gujakda mäkäm gysmana,
Ýa aýak astyna zyňlan aýralyk,
Gelse, yşgymyzy dardan asmana
Şonda gitmez ýaly baky aýrylyp,
Ýalňyz yşgymyzyň hatyrasyna
Ellerim seniňki bolsun.
Sen sora! –
Aýaklaň meniňki bolsun.
Yşkyň ýüki agyr bolup götärden,
Durmuş menziliniň ýol gyrasynda
sepil bolup galmaz ýaly tötänden.
Ýa göripleň dilegleri birleşip,
Gül açan bagtymyz bulajak bolsa.
Päk niýetleň penasynda dilleşip,
“gitse gelmez” ýoldan dolajak bolsa,
Ýalňyz yşgymyzyň hatyrasyna
Aýaklam seniňki bolsun.
Sen sora gözlerimi!
Görmek üçin giň jahanyň hoşlugny.
Sen sora sözlerimi!
Ýaýmak üçin yşgymyzyň buşlugny.
Ýöne söýgi şeýdip haklanýar diýip,
Dillerde ebedi saklanýar diýip,
Dilberim...
Eger soraýsaň tende janymy
Bagyşla...
Ýalňyz yşkymyzyň hatyrasyna
Berip bilmerin

Muhammet Bekgiýew
5 лайков 95 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Karkara
22 фев 2023, 12:55
Muhammediň goşgularyndan iň gowy görýänimiň biri
picasso
Автор 22 фев 2023, 13:01
Aý astynda joşgun indi kalbyma,
Düýne döner bir pursatda şu günüm.
Arzuwlarym çümüp barýar deňize,
Gamgyn halda galýar meniň göwünim.

Gije düýşün bagra basýar wysalda.
Ýarymuky dünýe şeýle geň halda.

(Durmuş-bu erteki, görülen düýş däl,
Durmuşa düşünmek hiç mahal giç däl).

Aýyň öwüşgini ädýär adimin.
Ýapraklar şahada sanaýar demin.

Meň ýalňyz syrdaşym ýyldyzlar şu hal,
Olar çyn söýgiňe hiç etmeýär a:l.

Deňziň tolkunlary birden tutaşdy,
Gizlin hem düşnüksiz güýje sataşdy.

Görsem, deňze siňen arzuw hyýallam,
Eziz ýar, seň keşbiň bolup saýlanýar.

Jemalynda nurly didäň görünse,
Tolkunynda näzik sesiň ýaňlanýar.

Faiz Ahmet Faiz
Гость
22 фев 2023, 14:03
Gowy eken