Ýatlamaň içinde ýaşaýan ýalňyz

Ýatlamaň içinde ýaşaýan ýalňyz

"Ýatlamalar içinde ýaşaýan ýalňyz"
(Şawkat Tangirbergenow)

Ine,ýene sensizlige gark bolup,
Ýatlamaň içinde ýaşaýan ýalňyz.
Geldi goşgylarym ömre görk berip.
Ýatlamaň içinde ýaşaýan ýalňyz.

Garşymda Göwherim dur meni synlap.
Gülüşýäris geçen günleri ýatlap.
Ýaňagyndan ogşap, saçlarny sypap,
Ýatlamaň içinde ýaşaýan ýalňyz.

Çagajyk men hezil edip oýnaýan.
Aladany, gaýgy-gamy duýmaýan.
Dostlam bilen ylgap, gülüp, ýaýnaýan.
Ýatlamaň içinde ýaşaýan ýalňyz.

Ejem bilen gelýän bagdan gülüşip.
Kakamjan dur hanha bize garaşyp.
Gör maşgalam bilen üýşüp,degişip.
Ýatlamaň içinde ýaşaýan ýalňyz.

(09.03.2023)

Gerçeknazar Amannazarow.
0 лайков 59 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.