Poeziýa düşünýänler, geliň hany
Edeniň bar bol-a
Ol
öz gadyrynyň
nähilidigin biljek bolup,
Syrkawlan boldy.
Ýöne ony,
Idemedilerem, soramadylaram.
Ol muňa
gynana-gynana,
Öldi oturywerdi.
****
Ol özüni
Juda gaýduwsyz
Duýýardy.
"Ýokaryk"
çykyp biljegne
gözi ýetse,
Tüweleme dyrmmaşmaga-da
Taýýardy.
****
Bu nähili,
Täsin ahwalat?!
Nahary
gazanda
gaýnatsalar-da,
Ony
jama guýup iýdiler.
Elbetde,
Gazan —
Diňe otda goýmak üçin niýetlenen
ahbetin.
****
Däliniň gepi
Garaňky
gatlyşsa-da,
Sen
garaňka
gatyşma.
Daň atar,
A sen garalygyňa galarsyň.
****
Mysala
Depämden
Tokmaklaýarlar diýip,
Göwün etme,
Şänik dost.
Şeýtmeseň
Seniň maňzyňy alyp bolmaýar.
****
El öz aýasyna düşeni üçin,
Iýmite minnetdar boldy.
Bokurdak iýmit uzadany üçin,
Ele minnetdar boldy.
Garyn welin,
Olaň hijisinden-de
Razy däldi.
Ýogsa...
Doýanam özüdi.
Şu ýokarky okan setirlerňize "goşgy" diýip bolarmy? Bu ýazylyş stili poeziýaň haýsy ugruna degişli, eger şular goşgy bolýan bolsa! Bu şahyryň goşgy ýazyşyny nähili gördüňiz?
*Awtoryny soň aýdaryn (belki köpüňiz tanansyňyzam).Ýogsam, edilen işe şol işi eden adama görä baha bermek häsiýetimiz bar azajygam bolsa hemmämiziň tebigatymyzda.
Jogaplaryňyza garaşýan.
Ol
öz gadyrynyň
nähilidigin biljek bolup,
Syrkawlan boldy.
Ýöne ony,
Idemedilerem, soramadylaram.
Ol muňa
gynana-gynana,
Öldi oturywerdi.
****
Ol özüni
Juda gaýduwsyz
Duýýardy.
"Ýokaryk"
çykyp biljegne
gözi ýetse,
Tüweleme dyrmmaşmaga-da
Taýýardy.
****
Bu nähili,
Täsin ahwalat?!
Nahary
gazanda
gaýnatsalar-da,
Ony
jama guýup iýdiler.
Elbetde,
Gazan —
Diňe otda goýmak üçin niýetlenen
ahbetin.
****
Däliniň gepi
Garaňky
gatlyşsa-da,
Sen
garaňka
gatyşma.
Daň atar,
A sen garalygyňa galarsyň.
****
Mysala
Depämden
Tokmaklaýarlar diýip,
Göwün etme,
Şänik dost.
Şeýtmeseň
Seniň maňzyňy alyp bolmaýar.
****
El öz aýasyna düşeni üçin,
Iýmite minnetdar boldy.
Bokurdak iýmit uzadany üçin,
Ele minnetdar boldy.
Garyn welin,
Olaň hijisinden-de
Razy däldi.
Ýogsa...
Doýanam özüdi.
Şu ýokarky okan setirlerňize "goşgy" diýip bolarmy? Bu ýazylyş stili poeziýaň haýsy ugruna degişli, eger şular goşgy bolýan bolsa! Bu şahyryň goşgy ýazyşyny nähili gördüňiz?
*Awtoryny soň aýdaryn (belki köpüňiz tanansyňyzam).Ýogsam, edilen işe şol işi eden adama görä baha bermek häsiýetimiz bar azajygam bolsa hemmämiziň tebigatymyzda.
Jogaplaryňyza garaşýan.
27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.