SAŇA MINNETDAR

Ýok meniň üýtgeşik terjimehalym,
Ölçemedim ýoluň ýakyn-daşlygyn.
Ýöne men şo ýolda hoş habar aýdyp,
Alan bolsam bir kişiniň buşlugyn,
Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym!

Çagalyk bireýýäm gizlendi bizden,
Gör, indi ýygyrtlar ýol salýar ýüzden,
Sypmaly däl ýagşam, ýamanam gözden,
Aňlan bolsam günleň ýaz ýa gyşdygyn,
Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym!

Köp zat görjek boldum, durman galgadym.
Ejizlere haýpym geldi, agladym.
Güýçlä garap, arzuw-ganat bagladym,
Çyn bolaýsa kötellerden aşdygym,
Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym!

Kalba joşgun berdi jomart Garagum,
Aýdym boldy iň söýgüli ýaragym.
Şygrym bilen iki sany ýüregiň
Ýakynladan bolsam aradaşlygyn,
Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym!

Uzaltjak bolsam-da dogan her güni,
Säginmän geçip dur olaň kerweni.
Haýyşym bar, ýalňyz goýma sen meni,
Baky senden ylham alsyn joşgunym,
Ömrüme hemram bol, gözel ýaşlygym!


Italmaz NURYÝEW
5 лайков 158 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
10 июн 2022, 17:11
Berdinazar agañam bir goşgusy bardy: "Sebäp ýaşdym men!"dp bar bolsa şonam goýaýyñ!
Ötegçi
10 июн 2022, 17:13
Ýarym ýalañaçdym, ýarym açdym men,
Oña derek gör nähili ýaşdym men.
Pegas
Автор 10 июн 2022, 17:13
Ötegçi
Berdinazar agañam bir goşgusy bardy: "Sebäp ýaşdym men!"dp bar bolsa şonam goýaýyñ!

"Ene we ogul" diýen goşgusynda bardy şol setir:
"Sebäp, ejem ýaşdy, özümem ýaşdym..."
Pegas
Автор 10 июн 2022, 17:14
Ötegçi
Ýarym ýalañaçdym, ýarym açdym men,
Oña derek gör nähili ýaşdym men.

Wiý, onda bilemok ony.