Söýgi sözüniň döreýşi

"SÖÝGI" SÖZÜNIN DÖREÝŞI
Söygi sözi ýok mahalam,
Söýülendir, öpülendir.
Ýöne o söz öň-owalam,
Öpülende tapylandyr.
Seret: "söýgi" diýjek bolsaň,
Dodak öňe topulandyr.
***
Ylymsyzlar gep aýdar,
Körler ondan köp aýdar,
Onsoň taze nesiller,
Ynsanlyk budur öýder.

Bilenler bir dymmasyn,
Görenler göz ýummasyn.
Ýogsa olar gaçyrar.
Ynsanlygyň gymmatyn.

Aganyýaz Şammyýew

6 лайков 117 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
09 мар 2023, 15:18
Gowumy @Juma şahyr. Arada seň üçin bir mowzuk açypdym, görünmediň, alada etdim. Şeýdip görnüp dur dost
Massimus
09 мар 2023, 15:43
Birinji goşgyny haladym. Awtor "söýgi sözi ýok mahalam söýülendir, öpülendir" diýýär. Bu ynanjyňa bagly zatmyka diýýän. Eger biziň Adam atadan gaýdýanymyza ynanýan bolsaň-a ol How enäni ilki görende halandygyny aýdypdyr. Howwa, olaryň söýgüsi biziňkiden başgaçarak bolupdyr. "Gyz bilen duza gytçylyk ýok" diýlen aýtgynyň entek döremedik döwri Adam atamyz öz zenanasyna häzirki bagşylar, şahyrlar ýaly aýy, güni, ýyldyzlary, galaktikalary (hemmesem mugt padarka, dile bitýän zatlar) sowgat berip söýmändir, How enemizem öz gezeginde "ölsem-ä ýeriňki, ölmesemem seňki" diýmändir. Bular agrasrak söýüşipdirler (başga wariant bolmansoň). Diýmek "söýgi" sözi entek öpüşilmänkä döräpdir.
Ýöne biziň aňrymyz gorillalar bilen guda-garyndaş diýýän bolsa onda awtoryň mamla bolmagy gaty ahmal, sebäbi klas boýunça 4 sanysy paýlanan, ýarysy ýyrtylan, gopan, suratlary obamyzyň adamlaryna meňzeş edilip bizden öňki ökde hudožnikler tarapyndan montaž edilen gadymy dünýä taryhynda adamlar birnäçe müň ýyllardan soň sözleşmäni öwrenipdir diýilýärdi öýdýän pamýat padwadit etmeýän bolsa.
Ikinji goşgyňyzy bolsa goldaýan. Bilýänler bilmeýänlere bilýänlerini bildirmeli.
Jumamyrat
Автор 09 мар 2023, 18:35
Massimus,
haýsy sahypaka hökman barjak sen meniň üçin sahypa açypsyň men barmasam bolmaz ýa bolmasa täzeden açaý
Гость
09 мар 2023, 21:17
Gowy eken