“MENI SÖÝGIM ÜÇIN BAGYŞLA, TAŇRYM!..”

Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!
Giňiş gursagymy daraldyp, talap,
Umytlarmy ýenjip çalajan eýlän
Bir zybagözeli galaýdym halap…

Kyýamata galmasyn, goý, bu kasas,
Hasaplaş, söýgimden başgasyn al-da!
Törden orun aldym (begenmelimi?..)
Ýanan aşyklaryň maşgalasynda.

…Emen süýdüm çig-dä meňem,
Şoň üçin
Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!
Ýazan takdyryňa bolmadym kaýyl.
Razy etjegime gözüm ýetirsem,
Hormatly myhmanym bolsun Ezraýyl!

Bolşum — paradoks,
Häsiýetim — çigin.
Yş gözleýän günortany gündiziň.
Garaňkylyk gözläp ýörün gijeler,
Ysyna zar bolup tämiz gül gyzyň.

Kalbyma dözüm ber, iňlemesin ol,
Ýakyn görünmesin bärimden aňrym.
Ynam ber,
Umyt ber.
Ýöne öňürti
Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!..



✏Sapa HOMMADOW
10 лайков 235 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Karkara
12 мар 2023, 11:57
Giňiş *guragymy

gursagymydymy?
Pegas
Автор 12 мар 2023, 12:00
Karkara
Giňiş *guragymy

gursagymydymy?

Hawa. Sag bol, gözden sypypdyr.
Гость
12 мар 2023, 13:23
Pegas, senden bir goşgy sorapdym, ýadyňdamy? Senem "iki görnüşde ýazylany bar" diýipdiň, tapsaň ugratjagyňy aýdypdyň. Tapaňokm'aý
Pegas
Автор 12 мар 2023, 13:29
Гость
Pegas, senden bir goşgy sorapdym, ýadyňdamy? Senem "iki görnüşde ýazylany bar" diýipdiň, tapsaň ugratjagyňy aýdypdyň. Tapaňokm'aý

Ýatkeşlik ölüdir mende. Nähili goşgudy?
Гость
12 мар 2023, 13:30
Pegas,
"Indi gelseňde giç, gelmeseňem hiç"
Bu ady däl bolmagy mümkin, ýöne içinde şu sözlem bar şol goşguda
Гость
12 мар 2023, 13:31
Özümde-de bar ýalydy, alyp goýanym ýadymda. Ýöne tapamok
Гость
12 мар 2023, 13:33
Eger bar bolsa ýa tapsaň poçtama ugradaý. Poçtam bolmaly sende
Pegas
Автор 12 мар 2023, 13:50
Гость
Eger bar bolsa ýa tapsaň poçtama ugradaý. Poçtam bolmaly sende

Bolýa bolýa.