Modernizm we minimalizm: Bir şygryň anatomiýasynda
Edebiýatyň we sungatyň bu iki akymynyň hem usullarynyň ulanylyşynyň mysaly hökmünde peýdalanmakçy bolýan şygrymyza geçmänkäk, şu seljerme düşnükli bolar ýaly, ilki bilen bu adalgalaryň (terminleriň) nämäni aňladýandygy hakda gysgaça durup geçeliň.
Mälim bolşy ýaly, islendik edebi eseriň haýsy stilde, haýsy usulda döredilendigi we onuň edebiýatyň haýsy akymyna hem döwrüne degişlidigini kesgitlemek üçin eseriň poýetikasy seljerilýär.
Poýetika näme?
Poýetika – bu “şygryýet sungaty” (ποιητική) diýen grek sözünden gelip çykyp, edebiýatyň nazaryýetiniň bölegi bolup, onda şygryýet, şygryýet döredijiligi (şahyrlyk), şygryň içki düzüm gurluşy, formasy (galyby, görnüşi), ideýalaýyn-emosional düzümi we ş.m. öwrenilýär. Has giň manyda, poýetikada diňe bir poýeziýanyň däl-de, eýsem tutuş edebiýatyň, ýagny prozanyňam, dramaturgiýanyňam, epistolýar žanryňam içki düzüm gurluşy, aýry-aýry eserleri ýazmagyň tehnikasy öwrenilýär.
Şeýlelikde, “modernizm” we “minimalizm” düşünjelerem, edebiýata dahyllylykda, poýetika degişli bolup durýar.
Eýsem, modernizm näme?
Modernizm – bu latynça: “modernus – häzirkizaman, ýakynda bolup geçen” diýen sözden gelip çykyp, XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başynda emele gelen sungat we edebiýat akymydyr. Modernizm akymyna esasan, şondan öňki ulanylan we “nusgawy” (klassyky) diýlip ykrar edilen eser döretmek usullarynyň, görnüşleriniň, galyplarynyň, dessurlaýyn beýan ediş tilsimleriniň, köpçülik tarapyndan suratlandyrylmaga endik edilen pikirleriň we duýgularyň inkär edilip, durmuşy hakykaty beýan etmegiň hem şekillendirmegiň täzeden-täze, täsin, öň ulanylmadyk, lenji çykmadyk görnüşlerini agtarmak we oýlap tapmak mahsusdyr. Modernizm akymy ilkibaşda ýüze çykanda täze stilleriň, žanrlaryň birsyhly gözlegi hökmünde emele gelenem bolsa, uzagyndan bu akyma eýerýän awtorlar tarapyndan hatda tutuş “stil, forma, žanr, metod” ýaly düşünjeler doly ret edilip, döredijiniň islendik çarçuwadan, çäklendirmeden azatlygyny ündemek giň gerime eýe bolýar.
Modernizmiň esasy alamatlary şulardyr:
- dünýäniň tertipli gurluşynyň paýhaslylygyna, mantyga (logika) laýyklygyna müňkürlik (real dünýä ynsana ýagy, gödeklikdir rehimsizlikden püre-pür, ynsan pahyrjyk bolsa onuň garşysyna ejiz hem nalajedeýin we ş.m.), şeýle hem, taryhy ösüşiň (progressiň) bardygyny, hakykydygyny doly inkär etmek we barlygyň bimanylygyny (absurdlygyny) ykrar etmek;
- şahsyýetiň (adamyň içki dünýäsiniň) ahwalyna, onuň ýaşaýan jemgyýetçilik gurşawynyň düzüminde däl-de, ondan üzňelikdäki ruhy halyna çürt-kesik gyzyklanma bildirmek (ynsan neresse dünýäde bolup geçýän jemgyýetçilik we tebigy hadysalaryň birehim “aýasyndaky” oýnawaç, ol dünýäde ýalňyz we bigäne);
- dünýä aň ýetirmegiň we onuň manysyny özgelere düşündirmegiň ertekileýin-rowaýat döretmek usulynyň işjeň hem yzygiderli ulanylmagy (ynsanyň ejiz hem çäkli aňynyň kömegi, logika bilen dünýä düşünmek mümkin däl, şol sebäplem her bir nakgaş (dörediji) dünýäniň şekilini öz isleýşi, duýşy, görşi ýaly döretmäge hakly, şol hem dünýäniň tükeniksiz bulam-bujarlygynyň (haosyň) üstünden estetiki (gözellik) aň ýetirişiniň gazanan ýeňşi bolar);
- diriligiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde edebiýata we sungata tagzym etmek (Sungat we edebiýat jemgyýetiň guly bolmaly däl. Tersine, jemgyýet, edebiýatyň we sungatyň bimany hem bulaşyk dünýä many çaýýandyklary üçin, olara hyzmat etmeli, olaryň kadaly ösmegi üçin şert döretmeli. Dörediji iň erkin we jemgyýetiň iň naýbaşy agzasy hasaplanmaly, çünki ol bolmasa, ol döretmese, jemgyýet üçin durmuş, dünýä – sop-sowuk, bimany, bipaýan, birehim...tümlük bolmagyna galar).
Wagtyň geçmegi bilen modernizm hem öz içinde birnäçe akymlara bölünýär. Olaryň iň esasylary şu aşakdakylardyr:
- impressionizm;
- ekspressionizm;
- dadaizm;
- simwolizm;
- sýurrealizm we ş.m..
Görkezilenlerden başga-da modernizm akymynyň akmeizm, imažinizm hem-de futurizm ýaly ugurlaram bardyr.
Impressionizm – bu “impression – täsir” diýen fransuz gelip çykan adalga bolup, XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başynda Fransiýada ýüze çykan modernizm akymydyr. Bu akyma eýerijiler hakyky dünýäni şekillendirenlerinde esasan onuň birsyhly üýtgäp durýan hereketliligini beýan etmäge, özleriniň gysga pursatlyk täsirlenmelerini çeper suratlandyrmaga ýykgyn edipdirler.
Ekspressionizm – bu düşünje latynça: “expressio – beýan etmek, aňlatmak” diýen sözden gelip çykyp, Germaniýada we Awstriýada XX asyryň başynda giňden ýaýran sungat hem edebiýat akymydyr. Bu akyma eýerip, eser döredýän awtorlar, esasan durmuşy hakykatyny beýan etmän, eseri döredijiniň ol ýa-da beýleki durmuşy hadysalara bolan çuňňur içki gatnaşygyny şekillendirmäge ymtylypdyrlar.
Dadaizm – bu Birinji jahan urşy ýyllarynda Şweýsariýada ýüze çykan modernistik akymlaryň biri bolup durýar. Bu akymdaky awtorlaryň döredijiligi paýhasa/logika terslik, sungatda we edebiýatda umumy ykrar edilen ölçegleriň, usullaryň (standartlaryň, metodlaryň) ret edilmegi, durmuşa müňkür gödeklik (sinizm) bilen garamak, hemme zatdan çuňňur göwnigeçme we tertipsizlik bilen tapawutlanýar. Dadaizmiň baş pikiri sungatda we edebiýatda estetikanyň, ýagny daşky dünýä we şahyýete aň ýetirmegiň, olary beýan etmegiň islendik gözellik çemeleşmelerini hem kabul edilişini yzygiderli we tapgyrlaýyn ýok etmek bolup durýar.
Simwolizm – bu düşünje, fransuzça: “symbolisme”, ýagny haýsydyr bir syrly aňlatmalaryň kömegi bilen öz hakyky pikiriňi we duýguňy duwlap beýan etmegi aňladýan sözden, 1870-1890-njy ýyllarda Fransiýada döräpdir. Simwolist awtorlara öz pikirlerini hem duýgularyny açyk beýan etmän, haýsydyr bir şertli, syrly aňlatmalaryň, şekillendirmeleriň üsti bilen olary suratlandyrmak, döredýän çeper eserlerini özboluşly, özüneçekiji tapmaça öwürmek mahsusdyr. Şonuň bilen birlikde-de, simwolizm akymyna eýerijileriň döredijiligine çuňňur, hatda gutarnykly lapykeçlige çenli baryp ýetýän göwnüçökgünlik (pessimizm) häsiýetlidir.
Sýurrealizm – bu adalga, fransuzça: “surrйalisme – realizmden ýokary, başrealizm” diýen sözden gelip çykyp, ol Fransiýada 1920-nji ýyllarda ulanylyp başlanýar. Edebiýaty we sungatyň bu akymy, beýleki modernizm akymlaryndan eserlerinde allýuziýanyň[1] we galyplaryň (formalaryň) paradokslaýyn[2] utgaşdyrylmagy bilen tapawutlanýar. Sýurrealizmiň esasy çeper beýan ediş usuly oýalyk bilen düýşi, adatylyk bilen alasarmyklygy garym-gatym edip suratlandyrmak bolup durýar. Bu akyma eýerijiler tebigy (adaty durmuşda hakyky bar bolan) şekilleri, ideýalary, duýgulary, bimany (absurd), hakykatda ýok şekiller bilen sepleşdirip, özlerini gozgalaňa salýan zatlary beýan etmäge ýykgyn edýärler.
Indi, bu seljermäniň adynda getiren ýene-de bir düşünjämiz, minimalizme geçeliň.
Minimalizm näme?
Minimalizm – bu iňlisçe: “minimal – iň az, iň pes” diýen sözden gelip çykyp, 1960-njy ýyllarda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýüze çykan sungat akymydyr. Minimalizm akymyna eserleriň islendik görnüşde tapmaçalaşdyrylmakdan, gereginden artyk çeperleşdirilmekden, metaforalaryň ýygy-ýygydan ulanylmagyndan saplanmagy, bütewilik, düşünjeleriň, jümleleriň hetjiklenip gaýtalanmagy, gysbylyk, anyklyk, az elementlilik, edebiýatda azsözlülik, bir gysga eseriň içinde-de şol bir tapyndylaryň birsyhly peýdalanylmagy mahsusdyr.
Şygryýetde minimalizm usulyna sözleriň we çeperçilik serişdeleriniň husytlyga baryp ýetýän tygşytlylygy, pikiriň, duýgynyň hem mazmunyň üstünden agalyk etmegi häsiýetlidir. Minimalizm usulynda ýazylan şygyrlarda mazmun diňe pikiri mümkin boldugyndan azsözlülik bilen gysga hem anyk beýan etmäge hyzmat edýär. Şeýle şygyrlarda setiriň we obrazlaryň çeperçiligine, inçeden-nepis duýgulylyga däl-de, pikiriň belli-küllüligine ýykgyn edilýär.
Aslyýetinde beýleki edebiýat žanrlaryndan üzük-ýoluk tapawutlylykda, hut şygryýet özüniň tebigaty boýunça, owaly bilen-ä minimalizme ymtylýar, galyberse-de, hut şonuň üçin döredilen ýaly. Çünki, ençeme sahypada giň sýužeti, birnäçe personažlary, birnäçe sahnalarydyr, oýlanmalary we dürli-dürli çeperçilik usullaryny peýdalanyp öz aýtmak isleýän zadyny beýan etmäge mümkinçiligi bolan kyssadan, drama eserinden ýa-da epistolýar eserden tapawutlylykda, şygyr, köp bolanda bary-ýogy birnäçe topbakda, kähalatda bolsa diňe birnäçe ölçeglije bogun sanly setirde öz diýmek isleýän – zynharlaýan sözüni diýmäge-de ýetişmeli, şol sözüň pys geçen ok ýaly sowa atylman, okyjynyň ýüregindäki “onlugyň almasyndan” urmagynam gazanmaly. Hut şonuň üçinem poýeziýa ilkibaşda minimalizmiň uýasy.
Şygryň bu häsiýetli alamaty hem tebigaty barada megerem, biziň Gurbannazar neressämizden gowy hem ýürege ýeter ýaly edip aýtmak mümkin däl bolsa gerek.
Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegni
Ýonup, döredýärler ajap eseri.
Artykmaçlyk— duşmanydyr sungatyň.
Tygşytly bolanda, beýikdir nama.
Men pikirmi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýere üç sözüň geregi näme!
(G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 132 sah.).
Şygryýetde minimalizm usuly bolsa, şygryň öňem tygşytly tebigatyny hasam “tygşytlaşdyrmaga” ymtylýar. Minimalizm şygyrlarda şahyrana gahrymanyň duýgularydyr-pikirleri gysylyp-gysylyp, bary-ýogy iküç sözden ybarat, çaklaňja setirjiklere ýerleşýär. Şol birwagtda-da şeýle setirler edil kindiwanja oýmagyň içine dykylan äpet partlama güýji ýaly, okyjy üçin zarbygyp beýnä, ýürege urujy, seňselediji kuwwata eýe bolýar.
Şeýlelikde, aýdylanlary minimizirlemek bilen :-), şygryýetde minimalizm usulynyň şu aşakdaky esasy alamatlarynyň bardygyny bellemek bolar:
- tutuş eseriň kiçi göwrümliligi;
- setirleriň gysgalygy;
- aýry-aýry şowly (täsirli) sözleriň we gysga jümleleriň gaýtalanmagy;
- tutuş eseriň düzüm bölekleýin häsiýetliligi (fragmentarlygy), ýagny her haýsy özbaşdak pikir we duýgy aňladyp biljek düzüm böleklerinden (fragmentlerden) ybaratlylygy.
Indi bu seljermede ulanyljak esasy düşünjeleri belli bir derejede aň eleginden geçirendigimiz sebäpli, bu iki düşünjäniň, ýagny modernizm we minimalizm usullarynyň poýeziýada sazlaşykly ulanylyşyny, anyk bir şygryň anatomiýasynda öwrenmäge synanyşalyň.
Ybraýym Badahşanyň “Ömür” atly goşgusy (çeşmesi: https://edebiyat.clan.su/news/omur/2023-03-13-736):
Bu şygyr modernizm formasynda minimalizm serişdelerini netijeli ulanylyp döredilen, poýetikasy emosional-ideýa mazmuny bilen gapma-garşylyga çykmaýan, nusgalyk eserleriň biri bolup durýar.
Bu goşguny seljermek aňsat bolar ýaly we näme hakda gürrüň edilýäni okyjylarymyza düşnükli bolmagy üçin, onuň tutuş tekstini getireýin:
ÖMÜR
Men…!
Ummanyň bir bölegi
tolkunda towlanyp, kenara süýşen,
çägeden aşan,
ummasyz umman pudagyndan tänen suwdan ýapragy.
Asmany görýär sereden maňa
Gurbuma golaýlap seretse ýene,
görer özüni aýna gözümde.
Haýda dostum, haýda!
Gün ýakyp barýar.
Bir maňa seret,
özüňe seret,
dönmezimden ozal gup-gury çägä!
Çagadym, ulaldym, soňam gojaldym,
Gojaldym, kiçeldim, ýene men çaga!?
Ummanyň ýapragam, ýüregem bolsaň,
guraýan ekeniň ondan aýrylsaň.
Haýda dostum, haýda!
Gün batyp barýar.
Deňiz tolkunlary reňk alyp ondan,
Aram gatýar ynjalygna bulutlaň.
Üýtgäp dur gündiziň gözel görnügi
Irkilýär-irkilýär jyda bölegi
ene ummanyň.
Gowzap dur ganym.
Haýda dostum, haýda
Özüňe seret!
Bu goşga umumy häsiýetlendirme berenimde, ilki bilen näme üçin oňa “modernistik şygyr” diýýän?
1. Bu goşguda awtor, gündogaryň, şol sanda günbataryňam klassyky şygyr düzüş ölçeglerinem, galyplarynam ulanmaýar. Üns beren bolsaňyz, bu goşgy erkin şygyr düzüş formasynda – werlibrde ýazylan eser bolup, onda rubagy, ikileme, üçleme, murapbag, gazal, kasyda, muhammes ýaly gündogar topbak (kuplet) emele getirmek ölçeglerem, dörtleme, ýamb, horeý, ak goşgy we ş.m. günbatar poýeziýa formalaram ulanylmaýar. Şonuň ýaly-da bu şygyrda kapyýa, bogun ölçegi, setirleriň we sözleriň içki sazlaşygy ýaly nusgawy goşgy düzüliş serişdelerine-de ähmiýet berilýän däldir. Eser öz beýan edýän (etmek isleýän) duýgularydyr pikirlerine kybapdaşlykda, aşyrymlaýyn gelýän tolkun-tolkun başly-baratlylyk görnüşinde düzülipdir.
Mysal üçin: şygryň birinji topbagy 5, ikinjisi 3, üçünjisi ýene-de 5, soňky ikisiniň her biri 2, ondan soňky ikisi 4 we iň ahyrkysam 2 setirden ybarat. Edil şonuň ýaly-da, goşgyň birinji topbagynyň birinji setiri 1 sözden we köp nokatdyr ýüzlenme belgisinden, ikinjisi 3, üçünjisi 4, dördünjisi 2, bäşinjisi bolsa eýýäm 6 sözden emele gelýär. Şu hem goşgyň formasydyr, düzüm gurluşy hakda ýokardaky aýdylanlary tassyklaýar.
2. Bu eserde dessurlaýyn gündogar we günbatar şygryna mahsus bolan çeperleşdiriş hem beýan ediş usullaram, ýagny inçe we nepis sözlülik, gözelligi ulaldyp aýtmak, näzik metaforalylyk, owadanlygy başga bir owadanlyga deňeşdirmek arkaly güberçekletmek, sadadan-düşnükli filosofiki aňladyş ýaly serişdelerem peýdalanylmaýar. Olaryň deregine modernizm akymynyň simwolizm, impressionizm, ekspressionizm akymlaryna mahsus bolan serişdeler, utgaşykly sazlaşdyrylyp, ýerlikli ulanylýar.
Mysal üçin:

Bu topbakda impressionizme mahsus, liriki gahrymanyň özüni syrly hem düşnüksiz dünýäň äpet ummanyna meňzetmeginden/hasaplamagyndan çeper täsirlenmäniň sada sözler bilen beýan edilmegem bar. Edil şonuň ýaly ummany – baga, ynsany – suwdan ýasalan, şol bagdan tänip gaçan ýapraga meňzetmegiň/hasaplamagyň simwolizmem goşulýar.
Eýýäm bu şygryň:
“Bir maňa seret,
özüňe seret,
dönmezimden ozal gup-gury çägä!
Çagadym, ulaldym, soňam gojaldym,
Gojaldym, kiçeldim, ýene men çaga!?” diýýän setirlerinde bolsa şahyrana gahrymanyň gursagyny ýaryp gelýän duýgulardyr, çuňňur pelsepeçil oýlanmalar ägirt uly ekspressiýa bilen dyňzap daşyna çykýar.
Bu ekspressiwlik şygyrda nädilip gazanylýar?
Ilkä: “Çagadym, ulaldym, soňam gojaldym” diýip, (Ahmyrmy? Ýa-da gümürtik gussamy?) nämedir bir zatdan depme-dykyn dolup duran hetjiklemek, ýanjamak arkaly, içki tolgunç daşyna çykyp ugraýar. Dessine-de ara salym salmanam: “Gojaldym, kiçeldim, ýene men çaga!?” diýip, şygryň leýtmotiwi, goşgy mukamynyň aşaky, pessaý notasyna düşýär-de, pyşyrdap, (...my ýa-da zeýrenipmi?) ekspressiw täsirligini üpjün edýär.
Indi, näme üçin bu şygra, “minimalizm usulynda ýazylan” diýýärin?
Sebäbi goşgyň tekstinden görnüşi ýaly, onda minimalizm usulynda ýazylan eserlere mahsus ähli häsiýetli alamatlar bar:
1.Gysgalyk (Men...!);
2.Azsözlülik (Gün batyp barýar.);
3.Sadasözlülik (Asmany görýär sereden maňa);
4.Şowly jümleleň/sözleň gaýtalanmagy (Haýda dostum, haýda!);
5.Goşgyň her topbagynyň özbaşdak many aňladyp, aýratynlykda gutarnykly häsiýete eýeligi.
Umumy goşgynyň aňladýan manysy bolsa, meniň pikirimçe (elbetde, her bir sungat eserini her kimiň özüçe görýändigini göz öňünde tutup :-)):
- dünýe, durmuş – umman;
- adamam – şol ummandaky umman;
- ummanam – dünýä daragty;
- daragtyň ýapraklary suwdan;
- suw – aýna;
- aýna özüne bakýan ynsan – aýna özünde umman özüni, asmany görýär;
- Gün ýakyp barýar – sebäbi ol sen – ummany, sen – asmany, sen – ynsany herekete iterýär. Edil Günüň ýylylygynyň, grawitasiýasynyň töweregindäki saýýaralary herekete iterişi ýaly;
- Haýdamaly – çünki: “herekete-bereket”, hereketsizlik – ölüm, hereket – dirilik;
- bu Umman – Dünýäde hemme zadam dogan, deňiz tolkunlary bilen asman bulutlary. Çünki diňe dogan-doganyň janyna aram gatyp biler;
- Görnük näme? Görmegeýlik, gözellik, owadanlyk. Gündiziň gözel görmegeýligem üýtgäp durany üçin, hereketdeligi üçin bassyr iki sapar gözel;
- bu Umman hemmämiziň enemiz. Bizem “enemiziň” bir bölegi, özem az wagtlyk bütewi enemizden aýra düşen, ýöne ahyrynda ýene-de onuň göwsüne dolanyp barmaly bölegi. Şoňa dolanyp barmak üçinem aýralykdaky tenimde dyňzap duran ganym assa-ýuwaşdan gowzaýar;
- bu giden alasarmyklyga akyl ýetirjek bolsaň näme etmeli?
Haýda we Özüňe seret!
Ine şeýleräk seljerme we pikir ýöretmeler.
Düşündirişler:
1. Allýuziýa – latynça: “allusio – ýaňzytmak, henek”, eserde haýsydyr bir köplere mälim bolan, ýörgünli jümläni, maglumaty ýa-da şekili ýerlikli ulanyp, onuň ilkibaşky aňladýan manysyndan başga manyny aňlatmagyny gazanmak. Mysal üçin: Magtymguly Pyragyň: “Ýüke werziş boz eşek bolaýyn diýseň öýlengin” diýen goşgy setirlerine aňsatjak allýuziýa: “Zynhar öýlenmäwer, öýlendigiň öwrüler sen maýryk eşege” :-).
2. Paradoks – grekçe: “παράδοξος – duýdansyz, täsin” diýen sözden gelip çykyp, umumy ykrar edilen we sagdyn logika ters gelýän, täsin pikirleri ýa-da şekilleri aňladýar. Mysal üçin, Fridrih Nişsäniň paradoksal aforizmi: “Gedaýlary aýyrmak gerek – olara (awt.: sadaka) bermegem ýakymsyz, bermezligem”.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.