Siziñ pikiriñiz nähili?
Salam hormatly agzalar we saýta myhman bolup girýän gadyrly dostlar!
Bu gün ünsüñizi biraz döredijilige çekmek isledim.
Oturylyşykda ýa-da mesawy gürrüñ ediljek islendik ýerde garşydaşymyñ pikirini bilmek üçin köplenç berýän bir soragym bar ,,Döredijilik bilen ýagny häzirki döwrümizde döredilýän goşgydyr hekaýalar bilen arañyz nähili?". Bu soragyñ jogaby köplenç diýen ýaly şol bir jogap ,,Dogrysy gyzyklanamok, kän gyzygamok, goşgy ýa hekaýa okanyñdan kino, futbol göreniñ gowy..." Diýen ýaly jogaplary eşidýän. Näme üçindir döredilen ýa-da döredilýän eserleri okamana höwesek azka? Okamak wagtyñy alýarmy? Ýa-da döwürden yza çekýärmi? Eýsem ,,Bir okana bar- birem dokana" diýip könelerimiz guýa seredip aýtdymyka?.
Soñky wagtlarda şu soraglar meni diýseñ köp pikirlendirýär, häzir deñ-duşlarymyñ içinden hatda uly ýaşdaky adamlaryñ hem içinden kitap okap otyranyna duş gelmek gaty kyn. Elbetde okaýanlaram bar, olaram bir çetde goýup bolmaz, ýöne geñ galdyrýan bir zat bar: Arada bir tanşymdan soradym ,,Näme üçin kitap okañok?" Ol ,, Wagtym ýok!". Men pikir etdim iki sagatlap telefonyny elinden goýman gysgajyk wideo roliklara syn etmäne wagt tapan adam kitap okamana näme üçin wagt aýryp bilmeýärkä?.
Ýokarda kitap okamaýanlary agzadyk, indi bolsa okaýanlar barada gürrüñe geçeliñ, kitap okaýanlar hem iki topara bölünýär:
1-nji: Okaýan zadyna düşünip ýa-da düşünmek isläp okaýanlar bar.
2-njisi: Okaýan zadyna düşünmän we düşünmäne synanyşman okaýanlar bar. (Okadymmy? Okadym!).
Dürli web sahypalarda ýa bolmasa dürli programmalarda mümkinçilikden peýdalanyp, öz zehini paýlaşma şansy esasynda paýlaşylýan goşgy we ş.m-ler gynansakda dogry teswirlenmeýär. ,,Gaty gowy, gowy ýazypsyñyz, haladym❤️❤️❤️, paýlaşyp dur, manyly eken, siz gaty üýtgeşik ýazýañyz, juda ajaýyp..." ýaly dürli owadan teswirler entek bişmedik terne zehinleriñ içine ýyldyzlyk gurçugyny düşürip biljekdigine garamazdan yzygider ýazylýar. Näme üçin paýlaşylan goşgy barada pikir ýazylmaýar? Meselem: ,,Şu söz nämäni añlatýar?, Şu ýerde bogun sany okanyñda büdretýär!, Şu iki setir näme manyny berýär?, ...) Diýen ýaly pikirler ýa-da bolmasa soraglar berilenok. Belki höwes bilen däl-de dilujy okalýandyr, belki başga sebäp...
Gadyrly agzalar we hormatly okyjalar! Sizden ullakan haýyşym, her bir ýaş zehin üçin siziñ ýazýan teswirleriñiz ýazyjynyñ dogry pikirlenmegine itergi berip biljek güýçdir. Ýagny, dogrysyna dogry- ýalñyşyna ýalñyş diýip bellik etmegiñiz paýhaslylyk ýoluna ymtylýan her bir ýaş zehiniñ ýetjek sepgitleriniñ basganjagydyr. Dogry tankytdan gaçýan ýazyjy hiç wagt ýazyjy bolup bilmez ( Käbir ylymyñ añyry başyna çykanlary agzamaýyn, olar ýaly pikirdäki adamlara sözüm ýok sebäbi derejäñi özüñ ölçäñok derejäñ agramyña görä däl-de adamkärçiligiñe görä çözülýär.). Her eser paýlaşylanda dogry we arassa pikiriñizi ýazsañyz örän hoşal bolardym. (Haladyñmy?: Niresini halandygyñyzy ýazsañyz, Halamadyñmy?: Niresini halamadygyñyzy ýazsañyz, dogry hereket etdigiñiz bolar. Ýazyjy akylly bolsa eser barada ýazylan teswirlerden özüne geregini alar, eger akmak bolsa her bir halamadym diýen bilen uruş eder we özüniñkini dogry etmäne jan eder...)
Goldawyñyza minnetdar dostlar janyñyz sag başyñyz dik bolsun!!!
Bejidoff.

16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.