Suhanberdi Körmolla
Suhanberdi Körmollanyň (1876-1934) ýaşlygy Daşoguz sebitlerinde geçýär. Onuň kakasy Öwezberdi aga garyp bolup gün-güzeranyny dolandyryp bilmansoň, onat durmuş gözläp, ilki Mara, soň Sakarçäga göçüp barýar. Ol ömrüni daýhançylyk bilen geçirýär. Öwezberdi aga öz döwrünüň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Körmolla 23 ýasynda iki görejinden mahrum bolýar. Şondan soň halk arasynda oňa Körmolla lakamyny dakýarlar. 25 ýaşlarynda şygyr düzmage baslaýar. 0l öwgüli odalary, ýiti, duzly satiriki häsiýetli goşgulary bilen tapawutlanýar. Şahyryň şeýle häsiýeti we keşbi barada gürrüň edip, A.N.Samoýlowiç hem bu barada ajaýyp jümleleri aýdýar.
Körmollanyň eserleri sözüň doly manysynda sowet döwründe öwrenilmäge başlandy. Körmollanyň ömri we döredijiligi baradaky gymmatly maglumatlar, käbir okuw kitaplarynda, A.Kekilow, G.Gurbansähedow, A.Gowşudow, K.Salyhow we başgalar tarapyndan ýazylan makalalarda hem duş gelýär.
Körmollanyň eserleriniň öz wagtynda doly tapylmazlygy, galyberse-de, şahyryň özüniň hem eserlerini timarlaşdyrmak maksady bilen üýtgedip durýandygy sebäpli, onuň «Göle dawasy» diýen eseri («Аç, Gotan arçyn», «Göläniň dawasyn açmaga geliň» diýen ýaly) köp görnüşlidir.
Ol XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň 20-nji, 30-njy ýyllarynda «Bessir han», «Guýruk gitdi gördüňmi?», «Gahar donna giren Gülhan Soltanyýaz», «Iýse iýsin kooperatiwiň puludyr», «Aşyr keçjäň mele atyna taý ýokdur», «Çaý», «Palaw», «Ýusup han», «Durdy han» ýaly odalardyr ýiti duzly satiriki goşgularyň onlarçasyny döredipdir.
Körmolla barada makala ýazan awtorlaryň köpüsinde onuň zähmetkeş halkyň göwnünden turýan, agalyk ediji synpyň wekillerini tankytlaýan satiriki eseri barada gürrüň berilýär. Çünki şahyryň satiriki eseri ýerli ekspluatatorlaryň göwünlerinden turmandyr.
Körmollanyň «Аç, Gotan arçyn», «Gulhan soltanymyz», «Guýruk gitdi, gördüňmi?» diýen ýaly şygyrlarynda açgöz, parahor, mugthor arçynlaryň pyssy-pyjurlyklary, eden-etdilikleri beýan edilýär. Şahyryň «Göle dawasy» diýen eserinde aşakdaky waka barada gürrüň berilýär.
Biriniň gyranly düwünçegi ýitýär. Bir palçy ony: “göle ýuwdan bolara çemeli” diýip toslaýar. “Bir göle ony ýuwdanmyş” diýen wagyr oba ýaýraýar. Gyran ýitiren adam: “Göläni öldürip, onuň garnyndan meniň gyranlarymy alyp beriň” diýip, oba arçynyna ýüz tutýar. Göläniň eýesi bolsa: «Birinjidenhä, ony meniň gölämiň iýenem belli däl, onsoň ol gyran üçin men gölämi öldürip bilmen» diýip nägilelik bildirýär. Ol göläniň dawasyny çözmek üçin ýüz tutulan oba arçynlary köpräk para almak niýet bilen sähel zady çişirip, diňe öz bähbitlerini arap, düwünçegiň düwnüni çözmekligi uzaga çekdirýärler.
Şol sebäpli Körmolla «Göle dawasynda» hakykatyň hatyrasyna däl-de, gara nebisleri üçin ylgaşyp-ylgaşyp ýören, para alyp, kiselerini galňatmak ugrunda göreşýän açgöz arçynlaryň, polkownikleriň (bolkoýnekleriň), generallaryň (ýanarallaryň), azgyn, ýalançy adamlaryň üstünden gülýär.
Şahyr:
“Uly ile iş boldy bir ýeke göle,
Rumystan gelsin, iňlisi bile”.
diýmek bilen, daşary ýurt wekillerini hem bu dawany «çözmäge» çagyrýar. Ýokary synpyň wekillerini iş oňarmazlykda, adalatsyzlykda, nalajedeýinlikde, nebisjeňlikde tutuş ile masgara edýär.
Körmolla «Guýruk gitdi, gördüňmi?», «Gahar dona giren Gulhan soltanymyz» diýen ýaly şygyrlarynda:
Arçyn bolmaz Han çokgadan, Çepbeden,
Hudaýym saklasyn, bu bihepbeden.
Hatjykguly nepýag döküp otlalyň,
Bile otlap, oňsoň senem ýatlalyň.
Körmollanyň “Göle dawasy” goşgusynyň doly teksti şu salgyda bar: http://Islenen.ru/news/gole_dawasy_poema/2020-01-13-10150.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.