HORMATLY MYHMAN
Bendesen obaly Amandurdy jüýk diýen şyh «Magtymgulyny
göreni gördüm» — diýip aýdardy. Amandurdy gyzyleňek jahyl
wagtynda ol adam togsandan aşan eken. Ol Amandurdy jüýge
şeýle gürrüň beripdir:
«Bahar aýlary Öwezberdi şyh ýazlaga diýip, Hasar dagy ta
rapa göçmekçi boldy. Men onuň göçüni göçürişdim. Baryp Me
zitli diýen çeşmäniň golaýynda ýurt tutduk. Öwezberdi şyh, şol
wagtlar, tapdan düşen garry bolany üçin, — Ölmänkäm dostu
myň ogly Magtym jany göreýin — diýip, Garrygala sargyt etdi.
Munuň sargydy bile bir adam geldi, Öwezberdi şyh ony hormat
bile garşy aldy, janly öldürip, söwüş etdi. Soň men şol gele
niň Magtymguly şahyrdygyny bilip galdym. Ol adam ortadan
uzyn, siňirlek, goýungöz, pakga gulagy otagaly, ýaýylyp ýatan
tüňňüräk maňlaýly, ýuka dodak, kak çekge1, at ýüzli, oňurga
burun, selçeň sakaly döşüni basyp duran adam eken.
Ol bu ýerde iki-üç gün galdy, Hasar dagynyň gündogarsyn
daky Serke diýen ýere çykyp, aw hem awlady.
Soň Öwezberdi şyh ikimiz çylgym eňňitden aşýançak, Mag
tymgulyny ýola salyp ugratdyk. Ugradyp barýarkak, Öwezberdi şyh onuň bilen gürrüňleşip, atyň gapdaly bilen ýöräp bar-
ýardy, men uýany elime alyp, atyň öňünden ýöräp barýardym,
şonda Magtymguly kä o ýana, kä bu ýana ser salyp, Hasar dagy
bilen hoşlaşyp, şu goşgyny aýtdy:
«Hasar dagy beýik bolar,
Üsti doly keýik bolar, —
Mergenlere seýik bolar,
Barsaň Hasar dagyndadyr.
Kuh erer ýeriň soltany,
Göwsünde gurmuş dükany,
Üç ýüz altmyş pir mekany,
Görseň Hasar dagyndadyr.
Mesgen tutar çarwadarlar,
Ýalçysynda ýatar marlar,
Deresinde biter barlar2,
Tirseň Hasar dagyndadyr».

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.