«HÜNÄRLER KITABY»

Magtymgulynyň bir gatyr ýüki kitaby bar eken. Bir gün gyzyl
başlar oba biwagt dökülip, öýleri talap, adamlary ýesir edipdir
ler. Şonda Magtymgulynyň kitaplary-da gidipdir.
Şolaryň arasynda Magtymgulynyň «Toty guş dilli» diýen
dessany hem gyzylbaşlara olja bolupdyr. Adamlar ol kitaba
«Hünärler kitaby» diýer ekenler. Magtymguly aýratyn hem şu
kitaba gynanypdyr. Ol «Şol kitap galan bolsa, il-güne peýda bo
lardy, men ony niçe ýyllar iş edinip ýazypdym» diýipdir. Mag
tymguly «Reýgan eýledi» diýen goşgusyny şondan soň ýazan
myş:
Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp,
Şum pelek azabym reýgan eýledi;
Ýazan kitaplarym syla aldyryp,
Gözlerim yzynda girýan eýledi.
Gapyllykda duşman aldy daşymyz,
Dargatdy her ýana deňi-duşumyz,
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,
Gyzylbaşlar alyp weýran eýledi1
1 лайков 117 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.