Watana söýgi
Watana söýgi
Watan hakda ençe goşgy döretdim.
"Men watany söýýän"diýip gygyrýan.
Bu gün bolsa öz-özüme seretdim,
Watanymy söýdümmikäm gaýgyrman?
Söýýän bolsaň gora gelde watany,
Iki ýyljyk goragynam kän gördüm.
Il oňlarmy "Söýýän" diýip ýatany,
Söýýän bolsaň söýgüliňe näm berdiň?
Hatda nädip söýmeldignem bilemok ,
Öwrenmeli ony serkerdelerden.
"Söýýän diýýäň ýöne göze ileňok",
Diýip derrew elme ýarag bererler.
Soň durarsyň ýurdyň aňry çetinde,
Yssyda,sowukda,garda,ýagyşda.
Aýtjagyňy aýtda indi çekinmän,
"Seni söýüp bilmedim" diý "Bagyşla".
Söýgi diýlen bäş harply sözmüdir,
"Söýýän" diýip örän aňsat gürleýän.
Watanyňy söýmek gara görgüdir,
Otyraýyn gowsy indi gürlemän.
Gerçeknazar Amannazarow.
(30.03.2023)
Watan hakda ençe goşgy döretdim.
"Men watany söýýän"diýip gygyrýan.
Bu gün bolsa öz-özüme seretdim,
Watanymy söýdümmikäm gaýgyrman?
Söýýän bolsaň gora gelde watany,
Iki ýyljyk goragynam kän gördüm.
Il oňlarmy "Söýýän" diýip ýatany,
Söýýän bolsaň söýgüliňe näm berdiň?
Hatda nädip söýmeldignem bilemok ,
Öwrenmeli ony serkerdelerden.
"Söýýän diýýäň ýöne göze ileňok",
Diýip derrew elme ýarag bererler.
Soň durarsyň ýurdyň aňry çetinde,
Yssyda,sowukda,garda,ýagyşda.
Aýtjagyňy aýtda indi çekinmän,
"Seni söýüp bilmedim" diý "Bagyşla".
Söýgi diýlen bäş harply sözmüdir,
"Söýýän" diýip örän aňsat gürleýän.
Watanyňy söýmek gara görgüdir,
Otyraýyn gowsy indi gürlemän.
Gerçeknazar Amannazarow.
(30.03.2023)
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.