Köne oýlanmadan...

Talyplyk.
Özge bir şäher...
Şapak.
Jürküldisiz säher...
Ýaşarsyň her dürli ýerde
Gümrasyň öz-özüň bilen,
Pikirler söweşip serde,
Oturansyň,
Birdenem jaň geler,
Bakarsyň "Ejem"
- Alo,
- Gurgunmyň balam,
Bolar ilkinji sözi
Ýagtylar ýüziň,
Aramyn tapar janyň,
Uçarsyň ýerden
Gowy diýersiňde, sorarsyň halyn
Sen gowy bolsaň gowydyr olam.
Soňky soragy-da:
- Gelersiň haçan?
- Bararyn plança günden...
- Gelgin sagaman!
Şeýdip, gürleşersiň, goýarsyň.
Soň ýene adaty ýagdaý...
Oturarsyň, her dürli küýde
Kowalaşyp duýgular, söýgüler bilen
Bolsa-bolsun olaram öz ýeri bilen
Iliňi söý! Käriňi söý!
Watany söý! Ýaryňy söý!
Ählisin söý!
Gursagňa sygdyrman gygyrgyp köçä,
Emma, aýry orun goýawer ejä,
Ejeňi söýmänem gezjekmi, heý-de?!
Duýdurman, bildirmän asla
Eje balasyny söýýärkä çenden
Senem sessiz, üýnsiz içiňden söýde
Geziber, ýaşaber, hemmeden täsin.
Gursakda ejäniň söýgüsi barka,
Dünýäniň hiç zady etmezem täsir...
Eje!
Sen alada etme, günem sanama
Ynha-da bararyn, hemme zat a:sa:n.
Bararyn ummansyz söýgüňe bakan.
Hiç ýerden tapylmaz mähriňden ganjak,
Hem boşadyp dertden dolan başymy, zyňaryn goşumy.
Diýerin: "Ejejan men ýene geldim..."
Bolarys bileje öýde...


Ylham GURBANALYÝEW
2 лайков 79 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.