Meniň söýgüm (bolan waka)
Meniň söýgüm (bolan waka)
Ony ilkinji görenimden halapdym.Alma ýalyjak ýaňajyklary şeýle bir enaýyjady. Hasam gyşyň sowujak howasyna gyzarypjykga durdy. Şar garaja uzyn saçlary oňa hasda gözellik çaýýardy. Pisse ýaljak gyzylja dodajyklaryndan ballar akyp, bu ýaş ýigit ýüregime damjalaýardy. Owasanja garaja gözleri , ogrynça gözlerime garaýardy. Ol pursatlary , ol günleri hiç haçan unutmaryn. Gyşyň güni bolan soň howa birneme sowukdy. Al-asmandan akja garlar dynman ýelek ýaly gaýmalaşyp , ýeriň ýüzüne syrygyp gidýärdi. Şol gün men seniň bilen ilkinji gezek duşuşypdym. Duşuşmaly wagtymyz we ýerimiz öňünden belleşipdik. Men işimden az wagtlyk rugsat alyp seniň ýanyňa barýardym. Men juda tolgunýardym. Hälden bäri internetden "Gyzlar bilen nädip gürleşmeli?","Ilkinji duşuşyk nähili bolmaly?", "Gyzlar nähili oglanlary halaýar?" ýaly soraglara jogap boljak maglumatlary okaýardym. Ine-de aýgytly pursat gelip ýetipdi. Hanha sen gelnejeň bilen kikirdeşip, gülüşip durdyň. Men haýaljakdan ýöräp ahyry ýanyňa geldim . Elbetde söhbetdeşligiň başyny özüm başladym.
- Salam!
- Salam.
- Gowmy ýagdaýlar?!
- Ýagşy
Soňra biz aýratynja ,bukurajyk ýeri peýeläp ,ikiçäk ilkinji söýgi söhbetlermize başladyk. Ýene-de men gyzyklandyrýan soraglarymy ýagdyryp başladym .
- Neme...Adyň näme diýdiň?
- Dürli...Dürli diýýärler hakyky pasportdaky adym Oguldürli.
- Näçinji ýyl ?
- 95
- Hm onda men ýaly ekeniňä
- Sen 96 dälmi?-diýip sen ör gökden gelip sorag berdiň.Şol wagt men bilmedim näme sebäpden özümi 1995-nji ýyl hasapladym.
- Hä howwa 96.Aý bir ýaşda-çalarak ýylgyrdym. Meniň ýylgyranymy görüp senem ýylgyran bolduň. Sen kä maňa seredip , kä töwerege seredip garanjaklaýardyň. Biziň gapdalmyzdan bolsa adamlar yzygiderli bize çiňňerlişip, gözi bilen iýäýjek bolup seredişip geçýärdiler. Dogrysy biz kän adamyň gelmejek ýerinden durdyk. Şonda-da adamlar göýä dilleşen ýaly hersi bir ýerden çykýardylar. Biziň duşuşygymyz bäş minudam dowam etmändi . Şol wagtyň içinde arassa 5-6 adama gapdalmyzdan geçip gidendir. Oňa garamazdan biziň söhbetdeşligimiz dowam edýärdi. Ýene-de söhbetdeşligimiziň başyny meniň soraglarym başlady.
- Sen-ä men barada hemme zady bilýänem ekeniňä?
- Howwa,köp zady bilýän.
- Nirde işleýäň özüň?
- Hiç ýerde-de işlämok . Diňe öýde. Öý işlerini edýän
- Hä gowyda şol . Menem karýerde işleýän.
- Howwa bilýän
Soňra men sorag-jogapdan daşlaşyp gyz kalbyny duýgylandyrjak sözleri diýip gördüm .
- Hm dogry ... Neme... Elleşibem görmediklaý.
- Wagty gelende elleşiris. Entek wagty däl.
Senden garaşylýanam şeýle jogapdy. Çünki sen edepli-ekramly,utanç-haýaly,hakyky gowy maşgalanyň terbiýesini alan gyzdyň. Soňra men täzeden ýene-de sorag -jogaply söhbetdeşlige geçmeli boldum.
- Onsoň ...Doganlaryň barmy?
- Üç sany gyz doganym,birem oglan jigim bar
- Hä tüweleme köplik ekeniňizä
- Howwa köplik . Kakam dagy hasam köplik 8 dogan
- Howwa meniňem kakam dagy köplik 9 dogan bar
- Howwa toplar köplik diýip eştdim
- Bir köçäniň ugryny diýen ýaly toplar ýagny biziň tirämiz bolup dur.Goňşylarmyzam diňe özümiziňkilerdä
- Hm dogry
Umuman biziň ilkinji duşuşygymyz gysgajykdan gyzyklyja bolupdy. Soňra sen gelnejeň bilen hümürdeşip öz ýoluň bilen uzaklaşyp barýardyň. A men bolsa yzyňdan seredip " Allajan şeýle oňat gyz,şeýle terbiýeli maşgala meniň ýanýoldaşym bolaýsadyda " diýip arzuw edip yzyňdan garap galypdym.
(dowamy bar)
(03.04.2023)
Gerçeknazar Amannazarow

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.