Ahwal

Meň hiç aklym çatanok,
Ýaşamakdan iripmiş.
Bu dünýe öň bir gezek,
Oň düýşüne giripmiş.

Terkidünýä bolupdyr,
Ýaşamakdan lejigip.
Has kejine tutupdyr,
Keç ykbalam kejigip.

Men çekinip, hamala,
Özüm ýaly ýazykly.
Diýýän: «Ýaşamak — hezil.
Bu dünýe-de gyzykly».

Ol diýýär: «Bu ýalançy
Alasarmyk düýş dämi?!»
— Ýylgyryp, doňup dursuň,
Näme, surata düşýäňmi?!

Men: «Saňa haýpym gelýär,
Saňa nebsim agyrýar.
Seret, 20 ýaşda,
Eýýäm saçyň agarýar.

Hany, badyhowalyk,
Weý-weý, ruhdan düşýäňmi?!
Ýa dünýede ýaşamak,
Saňa agyr düşýämi?!
Ýa ýüregňe düşýämi?!»

— Sen nä sömelip dursuň,
Aýnaň öňüne geçip?!
Bu sese hälki pursat,
Gitdi gözümden öçüp...

Laçyn Pürjäýewa
18.10.1998ý.
3 лайков 127 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Abdylla55
04 апр 2023, 10:20
Oňat goşgy .Şahyr içki oýlaryna berilýär
Waleryanka
04 апр 2023, 16:46
Lacynynyn goshgularyny ( on hic yerde okap gormedik) paylashyanynyz ucin kop sag bolun.Myhman bolup heziller edip okayan.