Şerebeli şerbet

O bendäniň ähli goşgus-a pöwhe,
Ýeri, nätjek, onuň üstesine-de,
Pöwhe galamdaşy pöwhüldäp öwse.

***

Çöpleýär köne kitap, söz, çokaý, iňňe, ige,
Ilden alan nakyl, matal, ertekisin aýdyp berip,
“Zat bileňzok” diýip igenýär ile.

***

Öwgi – uçut, ýalan – gorp,
Hüjüm edýän duşmandan däl,
Ýalan öwýän dostdan gork.

***

Durmuşda her kimiň öz roly bar:
Kimse özüni oýnaýar,
Kimse özgäni oýnaýar.

***

Ýeňdik diýdik – Kimi ýeňdik?
Ozduk diýdik – Kimi ozduk?
Deňlik diýdik – Hany deňlik?

***

Jyn çüýşeden çykdy, çüýşe hem jyndan,
Gylyç gyndan çykdy, gyn hem gylyçdan,
Çyn ýalandan çykdy, ýalan hem çyndan.

***

Munça gözellik sendekä, zyýat akyl ne zerur?
Töwekgel ädim ädip, ýar gujagna dolmaga,
Artykmaç akyl saňa çoh zeper, zyýan berur.

***

Ylymdan paý alana tümlükler ýagty dälmi?
Ençeme bigäne bilen ýalandan dost bolandan,
Ýekelik ýagşy dälmi?

***

Yklym gezer azaşan,
Ýedi yklymda ýer tapmaz,
Dosty bilen ajaşan.

***

Nä aslyşýaň şahasyndan, inijigim,
Unutdyňmy uýat ýeriň ýapmaga,
Ýaprak berenin injiriň?

***

Akmak ala aldanmaz, ala aldanar akylly,
Akmakdan aldanmak betbagtlykdyr,
Akylly bir adamdan aldanmagam ýakymly.

***

Gepden gaça durmaz gepe çeperler,
Mertler märekede dogrusyn aýdar,
Kümsükler gep aýtsaň, çete çekerler.

***

Öw oň bugdaý arpasyn-da,
Öwýärler şagalam “akylly” diýip,
Şir bar wagty arkasynda.

***

Çen tutsaň ýazyjyň romanyndan,
Çöle çykan basmaçylaryň sany,
Kän ekeni tutuş halkyň sanyndan.

***

Bu dünýäň özüniň ýörelgesi bar,
Beýik adamlaryň sapagy däl-de,
Beýik adamlaryň göreldesi bar.

***

Diňe isleg entek netije däldir,
Üstünde läş üste läş gider ýaly,
Her şa:hy geýen Hatyja däldir.

***

Il bagtyna gözi gitdi,
Göripçilik etdi, içi garaldy,
Kör boldy, gözi gitdi.

***

Bir özüň bar zady alyp bolmaýar,
Bagtly bolmak üçin köplük bolmaly,
Ýeke özüň bagtly bolup bolmaýar.

***

Kimse ýazyp, oňat eser çykardýar,
Kimse ýazyp galyň kitaby,
Örän ýeser çykardýar.

***

Söýgi, hasrat, gahar-gazap bolmasa,
Ýeri, saňa tankyt kömek edermi,
Özüňden özüňe talap bolmasa.

***

Kim saga, kim çepe gider,
Öz garaýşy ýok adam,
Elmydama gepe gider.

***

Bileňokmy? Öwredişme!
Golaý gelseň gel-de ýöne,
Maňa gaty öwrenişme!

Çeşmesi: Atamyrat Atabaýew. Bary-ýogy bir ömür. Goşgular, poemalar, satiriki setirler. – Aşgabat: Türkmenistan, 1992.
6 лайков 164 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress21
13 апр 2023, 19:59
Ýeňdik diýdik – Kimi ýeňdik?
Ozduk diýdik – Kimi ozduk?
Deňlik diýdik – Hany deňlik?

Şuna SSSR barada aýdypdyr öýdýän. Ýöne, haçan aýdanlygy önemli. Hemme aýdansoň aýtsaň, bu eýýam gaýtalamak bolýar.
Hiayress21
13 апр 2023, 20:00
Munça gözellik sendekä, zyýat akyl ne zerur?
Töwekgel ädim ädip, ýar gujagna dolmaga,
Artykmaç akyl saňa çoh zeper, zyýan berur.

Goldamok şu bendinä.
Hiayress21
13 апр 2023, 20:03
Bir özüň bar zady alyp bolmaýar,
Bagtly bolmak üçin köplük bolmaly,
Ýeke özüň bagtly bolup bolmaýar.

Ine şu bendi has gowy.